Nagt däl tölegleriň​ adaty däl usullary

Bütindünýä töleg tehnologiýalarynyň senagaty elmydama tranzaksiýalary ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berjek töleg usullarynyň täze görnüşleriniň gözleginde bolýarlar. Egerde şu günki gün bank kartlary we akylly sagatlar bilen hiç kimi geň galdyryp bolmasa, tölegleriň käbir usullary örän geň galdyryjydyr. Biometriýanyň​ kömegi bilen tölegleri geçirmek. Kybaplaşdyrmagyň​ we werifikasiýanyň​ biometriki tehnologiýalary töleg ulgamyna hem uly ýardam etdiler. Mysal üçin enjamy degirmesiz​ bolan Touch​ ID usullarydyr​.

GDA döwletleriniň arasynda Russiýa Federasiýasynyň mysalyna seretsek​, onda Mediascope​ ulgamynyň geçiren barlaglarynyň netijesinde Russiýanyň raýatlarynyň arasynda kontaktsyz töleglerden peýdalanýanlaryň sany 10 göterim töweregi bolup durýandyr.

«Яндекс​ Деньги​» ​ ilkinji bolup Apple​ Pay​ we Samsung​ Pay​ ýaly kontaktsyz tölegleri amala aşyrmaga mümkinçilik beren kärhanadyr. Gyzykly tarapy, rus töleýjileri​ bu usullary esasan internet söwdalarynda, ýaşaýyş jaý hyzmatlary, iýmit eltip bermek​ we öýjükli aragatnaşyk hyzmatlary üçin töleglerde​ ulanýarlar. Emma bu ýagdaýda hem barmagyň el yzy bilen tölegiň tassyklanylmagy zerur bolup durýan smartfon​ gerekdir. ​ Emma has gyzyklysy​, tölegleriň has innowasion usullaryny syn etmek bolup durýandyr, çünki beýle ýagdaýda töleg guraly bolup adamyň hut özi çykyş edýändir.

​Munuň gyzykly mysaly bolup Hindistanyň “AADHAAR​” atly biometriki kybaplaşdyrma​ (identifikasiýa​) ulgamy çykyş edýändir. Ol milliarddan​ hem gowrak adamlaryň biometriki maglumatlaryny saklaýar: ​ barmaklaryň el yzlarynyň on milliard nusgasy, iki milliard​ gözüň älemgoşarynyň​ nusgasy we bir milliard surat bardyr.

Bu​ iň iri jemgyýetçilik taslamasy, örän uly maglumatlar bazasy​ we bank-maliýe tehnologiýalaryna biometriki usullarynyň ornaşdyrylmagynyň örän aýdyň mysaly bolup durýandyr. ​

AADHAAR​ kartlarynyň şekili.

​Hasaplaryň​ oňa baglanyşdyrylmagy bolsa dürli usullaryň, mysal üçin SMS​ habarynyň üsti bilen, gönüden göni hasaba pul serişdeleri AADHAAR​ belgisi boýunça geçirmäge mümkinçilik berýär. Hindistanda uly täsirlenmä​ getiren pul reformasy AADHAAR​ ulgamyna goşmaça gyzyklanma hem döretdi.

El aýasynyň​ kömegi bilen tölegleri geçirmek.

Russiýa​ Federasiýasyndan mysal alsak, onda Russiýanyň «Сбербанк​» banky täze «Ладошки​» atly tehnologiýany girizdi. Bu tehnologiýa häzir Russiýanyň onlarça mekdeplerinde hereket edýändir. «Ладошки​» ​ bu mekdep okuwçylaryna iýmiti bir gezekde eliň aýasy bilen hasaplaşmaga mümkinçilik berýän tehnologiýadyr​. Haçanda okuwçy elini ýörite terminala ýetireninde ýörite skanerler​ eliniň aýasyndaky gan damarlarynyň emele getirýän şekilini surata alyp kybaplaşdyrýarlar​. Mundan soň pul serişdeleri awtomatiki usulda ​ we tutumsyz​ ýörite hasapdan öçürilýär​. Bu hasaby hem ene-atalar dolduryp gözegçilik edip​ bilýärler.

«Ладошки​» ​ terminalynyň şekili.

Barmagyň el yzy bilen töleg geçirmek.

«Азбука​ Вкуса​» atly söwda merkezleriniň toplumy tölegleri barmagyň el yzy bilen amala aşyrmak boýunça barlag maksatnamasyny bir ýyldan gowrak wagt mundan ozal ýola goýdy. Adam kassada​ iki sany barmagynyň yzlaryny Visa​ we Mastercard​ bank kartlaryna baglanyşdyryp bilýär we ýörite POS terminala elini degirmek​ arkaly we PIN​-koduny​ girizmezden hasaplaşyklary geçirmek mümkinçiligini alýar.

Biometriki maglumatlar saklanylyp galmaýar​-da, skanirlemegiň​ yzysüre san kodlarynyň​ gaýtalanmajak toplumyna öwrülýär. Her bir kod öz identifikatoryna​ eýe bolýar, ol hem aýratyn maglumatlar bazasynda​ belli bir adamyň bank kartyna​ birikdirilýär​.

Beýle çözgüdiň biometriki usullaryň häzirkizaman ulanylyşyna laýyk gelýändigine garamazdan, biometriýany​ smartfonlara integrirlemek​ tehnologiýasyna gabat gelmeýän ýagdaýlary hem bardyr. Çünki hemme adamlar “jemgyýetçilik” skanerinde​ barmagyň el yzyny göçürip almaklygy gigiýena taýdan talabalaýyk hasaplamaýarlar​. Bu hem köpçüligiň ynamyna eýe bolmaklyga böwet bolup hem biler.

​Gözüň torly gatlagyny skanirlemek​ esasyndaky töleg tehnologiýalary.

Şahsyýetiň​ biometriki ​ kybaplaşdyrylmagynyň​ we autentifikasiýalaşdyrylmagynyň​ ynamdar usullarynyň biri hem gözüň torly gatlagynyň skanirlenmegidir​. Şeýle skanerler​ aýratyn goralýan desgalara girmeklige gözegçilik edýän ulgamlarda​ giň ýaýrawa​ eýe bolan hem bolsa, soňky wagtlarda töleg tilsimatlaryna​ hem giňden ornaşýarlar. Geçen ýylda Iordaniýa döwletindäki Siriýaly bosgunlar dükanlarda tölegleri kartsyz​, nagt pulsyz​ we talonsyz​ geçirmäge mümkinçilik gazandylar: töleg etmek üçin kamera seretmek ýeterlikdir. Bu innowasion ulgam BMGniň​ bütindünýä azyk maksatnamasy tarapyndan girizilendir. Bu maksatnama IrisGuard​ atly kompaniýanyň ýardam etmeginde amala aşyrylýandyr. Bu kompaniýa gözüň torly gatlagyny skanirlemek​ üçin ulanylýan platformany işläp taýýarlamagy bilen tanalýandyr​. Skanirlemeden​ soň ulgam ​ BMG-niň​ bosgunlar boýunça ýokary komissarynyň dolandyrmasynyň maglumat bazasyndan​ her bir adam barasynda maglumatlary alýar. Soňra Middle​ East​ Payment​ System töleg ulgamynyň üsti bilen Jordan​ Ahli​ Bank bankyna satyn alyjynyň hasabynda serişdeleriň barlygy barasynda ýüz tutma ugradýar. Soňra tölegiň tassyklanmagyndan​ soň çek çap edýär.

IrisGuard​ tehnologiýasynyň kömegi bilen töleg geçirmek.

​Gyzykly tarapy gözüň torly gatlagyny tanamak ​ Samsung​ Pay​ tranzaksiýalarynyň ​ awtorizasiýa​ usullarynyň biri bolup durýandyr- bu mümkinçilik Galaxy​ S8​ flagman smartfonlaryna​ girizilendir. Şeýlelikde bütindünýäde kontaktsyz tölegleriň meşhurlygynyň ýokarlanmagynyň çaklanylmagynyň​ netijesinde bu kybaplaşdyrma​ usulunyň​ giň ýaýramagyna garaşylýar. ​ IrisGuard​ usuly bilen hasaplaşyk.

Samsung​ Pay​ tehnologiýasy

Adam sesi bilen tölegleri geçirmek.

Adam sesini tanamak tehnologiýalary hem töleýjini​ dessin anyk kybaplaşdyrmaga​-tanamaga mümkinçilik berýär. Şu günki​ günde daşary ýurt banklary bu tehnologiýalary ulanýarlar. Mysal üçin 2016-njy ýylyň fewralynda HSBC​ bankynyň müşderileri bankyň onlaýn hyzmatlaryna​ ses kybaplaşdyrmanyň​ üsti bilen birikmäge mümkinçilik aldylar. Müşderini​ tanamak üçin tehnologiýa 100 töweregi görkezijileri işläp geçirýär. Munuň esasynda hem ulgam müşderiniň sesini ol ýarawsyz ýa-da sesini ýitiren hem bolsa tanaýar. 2013-nji ýylda muňa meňzeş ulgam ​ angliýanyň Barclays​ banky tarapyndan hem hödürlenilipdi​.

Ses bilen tölegleri geçirmek.

Öňdebaryjy tehnologiýalaryň köpüsi Hytaýda emele gelýärler, we töleg pudagynyň innowasiýalary hem munuň mysallarynyň biridir. Birnäçe ýyl mundan ozal Alipay​ atly hytaý serwisi ses tolkunlarynyň üsti bilen töelgleri​ geçirmekligiň tehnologiýasyny hödürledi.

Alipay​ tehnologiýasynyň kömegi esasynda ses bilen hasaplaşyk geçmegiň mysaly

Hytaýyň metrolarynda​ durýan alkogolsyz içgileriň wending​ apparatlarynda​ se tolkunlarynyň üsti bilen töelgleri​ geçirmekligiň tehnologiýasy ornaşdyryldy. Alipay​ Wallet​ mobil programmasynda​ smartfon​ talabalaýyk ses çykarmak arkaly hasaplaşyk geçirmek mümkinçiligini saýlamaly.

Eger-de mobil enjamyny wending​ apparatynyň ýörite bir bölümine ýetirseň, apparat gaýtalanmajak bir şygyrdyly​ sesi smartfon​ tarapyndan çykarylýandygyny eşitmek arkaly şol sesi we tölegi kybaplaşdyrar​. Bilermenleriň pikiriçe, ​ ses tolkunlary bilen tölegler- Aziýada giň ýaýran QR​-koduň​ üsti bilen tölegleri mynasyp deregini tutujusy​ bolup durýandyr.

Şol​ sebäpli hem ​ bu usulyň iň bolmanda Aziýa yklymynda giň ýaýrawa​ eýe bolmagyna ähtimallyk berilýär. Mundan başga-da şeýle tölegleriň ýene-de bir mysalyny Hindistanyň jemgyýetçilik ulaglarynda hem gabat gelmek mümkin.

Selfiniň​ (özüňi surata düşürmek) üsti bilen tölegler.

Finlandiýanyň​ Uniqul​ kompaniýasynyň bellemegine görä, ýakyn gelejekde bize ne nagt pul serişdeleri, ne-de karz we debet bank kartlary gerek bolmaz, töleg guraly bolup bolsa ynsanyň ýüz keşbi çykyş eder.

Uniqul​ startapy​ (ilkinji gezek amala aşyrylýan biznes maksatnamasy) dükanlara kassalarynda​ ýörite kameralary​ ornaşdyrmagy teklip edýär. Ol kameralar adamyň ýüz keşbiniň gaýatalanmajak​ şeklini belläp, ony bankyň maglumat bazasy​ bilen deňeşdirip we şol anyk adamyň bank hasabyndan gerekli mukdardaky pul serişdelerini öçürerler​.

Selfi​ bilen töleg geçirmekligiň mysaly.

Uniqul​ kompaniýasynyň wekilleriniň bellemegine görä, bu tehnoloňgiýany​ ulanmagyň dowamynda harytlaryň we hyzmatlaryň töleglerini geçirmegiň wagty bank karty bilen hasaplaşylanynda​ gerek bolýan otuz sekuntdan bäşe çenli azalar.

Apple​ kompaniýasynda​ hem şeýle tehnologiýalara ymtylýarlar. Maglumatlara görä, kompaniýa smartfonyň​ bloklanmagyny​ ýüz keşbini tanamak arkaly tehnologiýany ornaşdyrmaklygy kämilleşdirmekçi​ bolýarlar. Touch​ ID enjamyndan hem ýüz öwürmeklige​ bu tehnologiýa mümkinçilik berer.

Çaklanmalara​ görä, gelejekde ýüz keşpleri​ tanamak arkaly diňe bir smartfonlary​ açmak däl-de, tölegleri tassyklamak, loginleri​ girizmek (Apple​ ID hem bolmagy ähtimal) we goragly maksatnamalary işe girizmek mümkinçiligi bolar. Ýüz keşbiniň seljerilmegi 3D​-sensorunyň​ kömegi bilen amala aşyrylar.

Beýle usulyň artykmaçlyklary- gigiýena faktorunyň​ ýoklugydyr​. Çünki, ynsana skanera​ elinden ýa-da barmaklaryndan​ biometriki maglumatlary okamak üçin el degirmek​ zerurlygy aradan aýrylýar.

Seljerýän enjama nämedir bir zatlary geplemeklik​ zerurlygy hem ýokdur. Ýüz keşpler​ boýunça kybaplaşdyrma​ dolulygyna kontaktsyzdyr​. Biometriki tehnologiýalaryň bankomatlarda​ ulanylmagy adamlaryň kybaplaşdyrylmagynyň​ (identifikasiýalaşdyrylmagynyň​) we autentifikasiýalaşdyrylmagynyň (ygtyýa bermegiň)​ mümkinçiliklerini giňeltmek bilen çäklenmän, şol bir wagtyň özünde, ýörite tehniki we programma üpjünçiliginiň ornaşdyrylmagyny talap edýär. Bu bolsa örän gymmat bolup durýar: bilermenleriň hasplamalaryna​ görä, kybaplaşdyrmagyň​ täze tehnologiki usullary bilen bankomatlaryň ornaşdyrylmagy 500 -1000$​ barabar bolar.​

Bagtyýar Gurbansähedow​

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok