Şu ýylyň 26–njy fewraly — 8–nji marty aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa–baş söweş sungaty sport toplumynda hem–de Sportuň oýun görnüşleriniň toplumynda Futzal boýunça Aziýa çempionatynyň geçiriler. Häzirki günlerde bu halkara ýaryşyna biziň milli ýygyndymyzyň türgenleri ýokary derhede taýýarlyk görýär. «InAshgabat» internet saýtymyzyň habarçysy futzal boýunça ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi, horwatiýaly hünärmen Robert Grdowiç bilen gürrüňdeşlyk geçirdi. Biz hem habarçymyzyň taýýarlan söhbetdeşligini size ýetirýäris.
– Robert, ilkinji sowalymyzy Aziýa çempionatyna görülýän taýýarlyk bilen bagly gürrüňden başlaýalyň!
– Ilki bilen şunuň ýaly iri halkara ýaryşlaryny geçirmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine köp sagbolsun aýdýaryn. Taýýarlygymyzam netijeli geçýär. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen ýurdumyzyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçylar düzümi taýýarlygymyzy ýokary derejede geçirmäge giň şertleri döredýärler.
Horwatiýada geçirilen halkara ýaryşyndan soň taýýarlygymyzyň depginini birjik-de gowşatmadyk. Uly futbol boýunça baş tälimçi, ildeşim Ante Mişeniň ýerli kömekçisi Maksim Belyh bilen geçirilen türgenleşik ýygnanyşygymyz, esasan-da, fiziki taýýarlyga gönükdirildi. Olimpiýa şäherçesinde geçirilen okuw-türgenleşik 10 gün dowam edip, oýunçylarymyz şonda topsuz işlediler. 7-nji ýanwarda taktiki türgenleşiklerimizi ýola goýduk. Umuman, üç hepdeläp dowam etjek ýygnanyşygymyzda türgenleşigimizi günde iki wagtyna geçirýäris.
– Taýýarlygyň ikinji tapgyry haçan we nirede geçiriler?
– Türgenleşik ýygnanyşygymyzyň ikinji tapgyry şu aýyň soňky günleri BAE-niň Dubaý şäherinde dowam eder. Alty gün dowam etjek ýygnanyşykda ýerli toparlaryň üçüsi bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmegi meýilleşdirýäris. Ondan soň Tailandda geçiriljek halkara ýaryşyna gatnaşarys. Bu ýerde örän güýçli ýygyndylaryň jemlenendigini aýdyp geçeýin. Toparçalaýyn bäsleşikde ýer eýesi Tailandyň hem-de Malaýziýanyň ýygyndylary bilen bäsleşeris. Beýleki toparçada Aziýa yklymynyň iň güýçli ýygyndysy Eýranyň ýaşlar ýygyndysy, hem-de Täjigistanyň, Kuweýtiň ýygyndylary çykyş ederler. Ýygyndylaryň esasy düzümde çykyş etjekdigini aýratyn belläýin. Garaz, bu ýaryşda bize ýiti göreş garaşýar.
– Uly ýaryşyň öňüsyrasy güýçli garşydaşlar bilen geçiriljek duşuşyklarda esasy ünsi nämede jemlemekçi bolýarsyňyz?
– Sowalyňyza düşündim. Esasy ünsümizi taktikada jemläris. Goragdaky çykyşymyzy hüjüm futzaly bilen utgaşykly alyp barmaga çalşarys.
– Ýaryşdan soňky taýýarlygyňyz hakynda gürrüň beräýseňiz?
– Taýýarlygymyzy paýtagtymyzda dowam ederis. Şol wagtlar Saud Arabystanynyň milli ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirmekçi bolýarys. Bu ýygyndy Aziýa çempionatynyň öňüsyrasy paýtagtymyzda okuw-türgenleşigini geçirmek baradaky netijä gelipdir.
– Milli ýygyndymyzy türgenleşdirip ugran wagtlaryňyz oýunçylarymyzyň bar bolan mümkinçiliginiň ýokarydygyny aýdypdyňyz. Häzir bu ýagdaý näderejede özgerdi?
– Çempionatyň öňüsyrasy oglanlaryň taýýarlygynyň 80 göterim töwerege çenli ýetendigini belläýin. Oýun 40 minut dowam edýär. Käbir pursatlarda birinji ýarymda gowy çykyş etsek, käbirlerinde soňky 20 minuty şowly geçirýäris. Şol hem esasy meselämiz bolup durýar. Esasy ünsümizi hem hut şu ugurda jemläris. Ýöne muňa garamazdan, olaryň taktikadyr fiziki babatynda günsaýyn taplanýandygyny bellemek gerek. Nesip bolsa, ýene-de bir aýdan gowrak wagtymyz bar. Olary aýgytlaýjy duşuşyklara ýeterlik derejede taýýarlarys diýip umyt edýäris.
– Çempionatda çykyş etjek düzümiňizi kesgitlediňizmi?
– Taýýarlygymyzyň galan tapgyrynda şikesler ýüze çykmasa, onda esasy düzümimizi saýladyk diýip aýdyp bilerin. Olar 16 oýunçydan ybarat bolar. Olaryň 3-si derwezeçilerdir.
– Ýygyndy toparymyzyň öňünde nähili wezipeler goýuldy?
– Medal sanawyna goşulyp bilsek geçirilen türgenleşiklerimiz ýerine düşendir diýip aýdyp bolar. Özüňiz bilýäňiz, şu çempionat şol bir wagtda dünýä çempionatynyň hem saýlama tapgyry bolar. Şonuň üçin hem, şu ýylyň dowamynda Litwadaky dünýä birinjiligine çykyp bilsek, türkmen futzalynyň täze sahypasyny açdygymyz bolar.
– «InAshgabat» saýtymyza beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!
– Sizem sag boluň! Häzirki wagtda biziň hemmämiz uly synagyň öňünde durus. Aşgabatda geçiriljek Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň şowly çykyş etmegini gazanmak üçin ähli şertler döredilýär. Bu bolsa jogapkärçiligi artdyrýar. Şol sebäpli biz şowly çykyş edip, Türkmenistanyň sport abraýyny belende götermäge çalşarys.
Teswirler