Tebigatyna deňi-taýy bolmadyk-türkmen tebigatynyň tokaýlyklarynyň ýurdumyzda şertleýin birnäçe toparlara bölýärler. Olary toparlara bölenlerinde esasan olaryň ýerleşýän ýerlerini, agaçlaryň görnüşlerini, ösümlik we haýwanat dünýäsini, önümliligini hem-de hojalyk ähmiýetini göz öňüne tutýarlar we şu aşakdakylara bölýärler: dag tokaýlyklaryna, çöl tokaýlyklaryna, kenarýaka tokaýlyklaryna, tokaý zolaklaryna.
Geliň indi kenarýaka tokaýlyklary bilen tanyşalyň. Olar esasan derýa boýlarynda duş gelýärler. Amyderýanyň boýunda tokaý emele getirýän agaçlardan ýerli deregiň iki görnüşi- petde, toraňňy hem-de söwüt, igde we ýylgynn bolup, gür jeňňellikleri emele getirýärler. Murgap, Tejen we beýleki derýalaryň jülgesinde kenarýaka tokaýlary çäkli meýdanlary eýeleýärler. Ýerasty suwlary 1-1,5 metr çuňlukda ýerleşýän toýunsow topraklarda ösýän kenarýaka tokaýlary her ýyl suw basýar. Bu ýerde tokaýyň agaç düzümi, esasan toraňňydan ybarat bolup, onuň gürlügi pesdir. Toraňňynyň köki derman senagaty we himiýa önümçiligi üçin gymmatly çig mal bolup hyzmat edýär.
Çägesow toýun gatlakly ýerlerde ownuk däneli çökündileriň galyňlygy 5-8 metrden 10-15 metre çenli bolup, ýerasty suwlary 2-3 metr çuňlukdadyr. Bu ýerleri dowamly suw basýandygy üçin söwüt igde seýrek duş gelýär. Söwüt we baglara dyrmaşyp ösýän agaç görnüşli çyrmaşyklar orta gürlükdäki tokaýasty gatlagy emele getirýär. Ol örtügi örän gür bolup, esasan kendir, peçek we çyrmaşykdan ybaratdyr. Has şorlaşan ýerlerinde toraňňylyklar duşýar.
Garagum derýasynyň ugrunda käbir ýerlerinde, esasan toraňňydan pajarlap ösýän tokaýlyklar duşýar. Käbir ýerlerinde söwütlik, ýylgynlyk we gür gamyşlyk ýaýrandyr.
Amyderýanyň, Tejen we Murgap derýalarynyň kenarlarynda, kölleriň töwereginde, Gündogar, Merkezi we Günorta-Günbatar Köpetdagda dag eteklerinde we jülgelerde ýerasty suwlaryň golaý ýerlerinde petde agajy giň ýaýrandyr. Çalymtyl reňkli, endigan bolmadyk agaç sütüni bolýar. Ol ýekeleýin ýa-da jeňňellikleri emele getirýär.
Toraňňy agaçlary kölleriň, derýalaryň, akabalaryň, şorlaşan peslikleriň, wagtlaýyn suw akabalarynyň, silleriň döreden jarlaryň ugrunda duşýar. Toraňňy ýurdumyzda deňiz derejesinden 400-1200 metr belentlikde hem gabat gelýär. Ol mart-aprel aýlarynda gülleýär, iýunda miweleýär.
Ýurdumyzda derýalaryň boýlarynda, jülgelerde, dag eteklerde we daglarda, çygly topraklarda derekler jeňňellikleri emele getirýär. Toprak howa şertlerinde laýyk gelýän ýerlerde derekleriň boýy 15-20 metre çenli ýetýär. Derekler çalt ösýärler we howanyň gyzgynlygyna we topragyň şorlaşmagyna çydanlydyrlar.
Ata- watanyzda derýalaryň jülgelerinde, dag eteklerinde we kölleriň gyrasynda tiz ösýän agaçlaryň ýene biri hem ýylgynlardyr. Ýylgynlaryň dürli görnüşleri mart- apreldan güýze çenli gülleýärler. Olar hem edil derekler ýaly howanyň gyzgynlygyna we topragyň şorlaşmagyna çydanlydyrlar. Ýylgyn agajy halk hojalygynda ýerli gurluşyk serişde hökmünde giňden ulanylýar.
Merjen Agaýewa
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Agroekologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby
Teswirler