Ýetginjekler barada edilýän alada

Türkmenistanda ýetginjekleriň şahsyýetini kemala gelmegine gönükdirilen birnäçe meýlnamalar alnyp barylýar, mekdepden daşary edaralar hyzmat berýär. Hat-da şeýle edaralaryň biri “ýetginjekler köşgi” ady bilen tanalýar. Ýetginjekleriň beýle üns merkezine alynmagynyň öz sebäpleri bar.

Çagalykdan ýaňy saýlanan ýetginjegiň aňy ösüp köp zatlara akyl ýetirip başlaýar. Öňler ene-atanyň saýlan egin-eşigini, aýakgaplaryny geýen bolsa, indi özüçe geýinmeklige, özüçe hereket etmeklige başlaýar.

Ýetginjeklik döwrüniň esasy häsiýetleri:
1) özdiýenlilik, men-menlik;
2) daşky görnüşe köp üns bermek;
3) ene-atasynyň ýa-da ulularyň aýdanyna gulak asman, öz deň-duşlarynyň gepine gitmek. Käbir halatlarda özüniň artykmaçlygyny subut etmekçi bolmak;
4) emosiýa we duýgularyň möwç urmagy sebäpli, köp zada logiki-rasional garaýyşdan ýüz öwürmek. Tiz-tizden öýkelemek, gaharlanmak;
5) zyýanly serişdelere ýüz urmak potensiýaly, ýaltalyk, bilime höwesiň peselmegi, wagtynyň köp bölegini gadžetlere we maksatsyz internetip başynda geçirmek;
6) gepleşiginiň arasynda paýyş sözleri ulanmak;

Ýetginjekleriň öz durmuş ýolunda dogry ýoly saýlamaklygy üçin ilki maşgalanyň ähmiýeti ulydyr. Türkmençilikde bir nakyl bar “Ýigidi dostundan tana” şonuň üçin ene-ata çaganyň tirkeşýän dost-ýarlaryndan habarly bolup durmaly. Maşgalada çaga wagt aýyrmaly we ol wagty degerli peýdalanmaly, olar bilen maslahatlaşmaly, pikirini diňlemeli.

Şu zatlaryň ählisini göz öňünde tutyp, ýaşlarynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi, TMÝG-nyň Aşgabat şäheirniň Bagtyýarlyk, Köpetdag, Berkararlyk, Büzmeýin etrap geňeşleri, Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirligi hem-de beýleki hukuk goraýjy edaralary Aşgabat şäherinde ýerleşýän orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary bilen bilelikde duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda elektron gadžetlary çenden aşa we günüň dowamynda yzgiderli birnäçe sagatlap ulanmaklygyň saglyga we ýaşlaryň durmuş kadasyna ýetirýän zyýanlary, internetden dogry peýdalanmaklyk, bikanun ulag serişdesini dolandyrmaklygyň gadaganlygy, zyýanly serişdelerden daşda durmaklyk, ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeklik dogrusynda gürrüň geçirildi.

Ýetginjek döwründäki duýgy şemalyna aldanman, çagalygy we ýaşlygy dogry peýdalanmagy, geljekdäki durmuş üçin uly sermaýadygyny çykyş edenler nygtady. Ýeri gelende Gurbannazar Ezizowyň “Ýetginjek” goşgusyndaky tymsal hem aýdylyp geçildi.

Ýetginjek – Gurbannazar Ezizow

Öňküsine görä üýtgeşik dünýä,
Nämüçindir dünýäň öňküligi ýok.
Ol özünden uly bolmak isleýär,
Öz ýaşyndan uly bolup bilenok.

Görýän düýşleri hem öňküleri däl, —
«Söýüşen» gyzlary bardy bir çene.
Ol ýuwaş-ýuwaşdan düşünip barýar
Gelinleň, gyzlaryň gözelligine.

Bir täsin täzelik gurşaýar ony,
Ol häzirden görjek bolýar geljegin.
Howlaýar. Ululaň yzyna düşýär,
Geýýär uly doganynyň penjegin.

Uruşly kinolar ýat boldy oňa,
Düşenok ýadyna oýun, kepderi.
A «Söýgi oduna» goýberenoklar
On alty ýaşyna ýetmedikleri.

Ýigitligiň gapysyny kakýar ol,
Açanoklar, wah, nätmeli? Itmeli?
Itse-de, bu gapa goýberenoklar
On sekiz ýaşyna ýetmedikleri.

Öýe gelýär. Urunýar ol ikiýan.
Kakasy geň galýar: «How, keýpiň ýok-la?»
«Meň ullakan adam bolasym gelýär,
Näme üçin meni goýberenoklar?..»

Atajan Eýýupow
D.Azady adyndaky TMDDI-niň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok