Çagalar üçin çykan täze kitaplar

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky çagalar kitaphanasy gyşky dynç alyş möwsümini peýdaly we gyzykly geçirmek üçin çagalar üçin ýörite neşirleriň tanyşdyryş çärelerini ýygy-ýygydan guraýar.

Bu kitaphanyň hünärmenleri Gökdere jülgesindäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde myhmançylykda boldy. Çagalar bilen bilelikde özara sorag-jogap alyşdylar. Çagalar öz okan kitaplary esasynda dürli ertekidir hekaýalary aýdyp berdiler. Öwrenen goşgularyny labyzly okap berdiler. Hünärmenleriň okap beren ertekilerini uly gyzyklanma bilen diňlediler. Tapmaçadyr matallara ezberlik bilen jogap berdiler. Şeýle-de bu ýerde kitaphanyň göçme sergisi guraldy.

Bazar Amanow adyndaky çagalar kitaphanasynyň resmi saýtynda türkmen dilinde neşir edilen täze kitaplar barada maglumat paýlaşyldy.

Türkmen halk ertekileri / red. O. Ataýew; sur. O. Çerkezowa. – Aşgabat : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019. – 35 s. “Türkmen halk ertekileri” atly täze kitapçada “Mizemez dostluk”, “Dogruçyl oglan”, “Horaz we it”, “Garga, tilki we syçanyň dostlugy” atly owadan suratlar bilen bezelen erteliler ýerleşdirilipdir. Bu kitapçada Türkmen halkynyň eý görýän juda üşükli, eýýesine wepaly, kanagatly alabaýy hakynda. Umuman, bu ertekiler hiç wagt könelmejek gymmaty bilen okyjylaryň kalbynda orun alar. Kipliň, R. Maugli / R. Kipliň; red. O. Ataýew; sur. O. Çerkezowa. – Aşgabat : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019. – 32 s. “Maugli” atly kitapça owadan suratlar bilen bezelen. Bu ertekide Maugli atly oglanjyk hakynda gürrüň gitýär. Bu kitapça tokaýda uly gaplaňyň Mauglini öz eline aljak bolup birnäçe gezek synanyşýar. Emma ene möjek Mauglini öz çagalaryny eý görşi ýaly gorap saklaýar. Ol tokaýda birnäçe ýyl ýaşap özüne dost tapynýar. Bu kitapça geljekki körpeje okyjylarmyz üçin gymmaty uly bolar.

Goturow, A. Hakyky dost / A. Goturow; sur. Ki Ji Ýoň. – Seul, 2019. – 28 s. Bu ertekili kitabyň maksady – çagalara adamlaryň häsiýetleriniň köpdürlüligini görkezmekden ybarat bolup durýar. “Hakyky dost” atly ertekidäki haýwanlaryň üsti bilen adamlaryň häsiýetini şekillendirýär. Jemgyýetiň arasynda kesir adamlara duş gelýarsiň, olar ýaly adamlara eşek diýlipdir, mekir we bet niýetli adamlarada mar (ýylan) diýilipdir. Beýleki tarapdan, daş sypaty howply we tikenli kirpi bolsa, gaýtam, düşünjeli we kömek berýän bolup çykýar. Hakykatdan hem, dünýäde dürli adamlar köp bolýar. Şol köp adamlar hakyky ýüzüni gizlejek bolsalar hem wagtyň geçmegi bilen olaryň hakyky keşbi aýan bolýar. Bu kitapça okyjylar üçin gymmaty uly bolar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok