Ýaşajyk suratkeşler

2020-nji ýyl “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip atlandyrylmagynda uly many bar. Çünki bu ýyl – hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýunyň dünýä ýaň saljak ýyly. “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly diýilmeginiň sebäbi hem dünýä ähmiýetli daşary ýurt halklaryna zerur bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, asudalygyň, parahatçylygyň, ählumumy howpsyzlygyň dünýäde ykrar edilen Türkmenistanyň şanly ösüşleriniň ýalkymyny has-da nurlandyrar.

Bu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň we Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň ýaşajyk suratkeşleriniň arasynda sergi gurnaldy. Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň dünýä ýaýylmagyna mynasyp goşant goşjak ýokary hünärli ýaşlary taýýarlamakda uly ähmiýetli işler alynyp barlyp, Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň we Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň ýaşajyk okuwçylary özleriniň halypa mugallymlarynyň edep-terbiýesinden, berýän öwüt-ündewlerinden, tejribeli hünärlerinden ugur alyp, şekillendiriş sungatyna degişli bolan nakgaşçylyk, grafika, amaly-haşam sungaty we beýleki ugurlar boýunça birnäçe eserleri gatnaşdylar.

Ýaş öwreniji suratkeşler nakgaşçylyk sungatyna degişlilikde ata Watanyna bolan söýgüsini, dünýä bolan garaýyşlaryny, pikirlerini, milli tebigatymyzyň gözelligini öz eserlerinde dürli reňkli boýaglaryň üsti bilen şekillendirýärler. Ýaş suratkeş Aýjahan Haidowa “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýoly şekillendiriş sungatynda”, Merýem Annamyradowa “Beýik taryhdan ajaýyp geljek” ýaly birnäçe taryhy žanrlarda ýerine ýetirilen işler görkezilýär. Milli mirasymyzdan ugur alyp birnäçe döwrebap eserleri döretmäge çalyşýarlar. Aýjeren Mämiýewa “Ýaş bezegçi”, Gülşat Rahmangulyýewa “Gözellik dünýäsi”, Mähriban Ataballyýewa “Ýaş suratkeş”, Nurguly Nurýagdyýew “At üstünde sirk oýunlary”, Meňli Serhenowa “Ak şäherim Aşgabat”, Aýjemal Bezergenowa “Ýaýlada” ýaly birnäçe nakgaş eserleri sergilenildi. Bu eserlerde türkmen sährasynda türkmen halkynyň milli baýramlary, ýaýnap ýören baldan süýji balalaryň agzybirlikde oýnap ýörenlerini, kiçijik güjüjikler bilen şähtlerini açyp, durmuşyň gülzarlygyny olaryň nurana ýüzlerinden synlamak bolýar. Bulardan başga-da, milli saz sungatynyň ösüşini görkezmekde, gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň dürli künjeklerinde şowhunly toý-dabaralaryň geçirilişini, Döwlet sirkinde türkmen atlarynyň owadan tansyny, türkmen halkynyň beýik, arassa binalarda ýaşamagy üçin edilýän aladalary nukdaýnazardan birnäçe taslama eserlerinde öz arzuwlaryny beýan edýärler.

Şekillendiriş sungatyna grafika, dizaýn, amaly-haşam sungaty degişli bolup, okuwçylar şowly çykan eserlerini tomaşaça hödürlediler. Olardan gobelen sungatynda ýerine ýetiren Ene Ilmyradowa “Miras”, Jemile Täçgulyýewa we Dilber Aşyrowa “Gül diýarym Aşgabat” atly temalardan owadan eserleri, keramika sungatyna degişli bolan özboluşly forma eýe bolan küýzejikleri, mejmeleri türkmen halkynyň nyşanlandyrylan milli keşdelerini, ösümlik nagyşalaryny ýüzlerine çekip, özleriniň ukyp başarnyklaryny görkezmäge çalyşýarlar. Bular bilen birlikde ýaşajyk heýkeltaraş okuwçylary sport temasyna bagyşlanan, türkmen alabaýynyň heýkeljiklerine we beýleki tematiki eserleri bilen gatnaşdylar.  

Goý, asuda Watanymyzda toýlanýan toýlar, şular ýaly ýaş suratkeşlere, sungata höwes edýän çagalara Hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly mümkinçilikler döredip berýär. Ýene-de şular ýaly ajaýyp sergiler dowamly bolsun. Dünýä ýüzünde parahatçylyk söýüjilikli syýasaty öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, umumadamzat bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun!

Bahar Magtymowa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň öwreniji mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok