“Prep4Success” taýýarlyk kursy başlaýar

Siz mekdebi gutardyňyzmy? TOEFL testindan gowy bal almakda kynçylyk çekýäňizmi? SAT barada eşitdiňizmi? Siz kollej derejesi bolan akademiki okuw we ýazuw barada bilýäňizmi? Amerikanyň ýokary okuw jaýyna ýüz tutmak üçin nähili düzme ýazmalydygy barada soraglaryňyz barmy?

Amerikan geňeşlikleri, Türkmenistanyň raýatlaryny “Prep4Success” maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar:

  • Dowamlylygy 18 hepde (hepdede 4 gün) taýýarlyk kursy

Bu kurslar ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna we kollejlerine okuwa girmek üçin gerekli bolan TOEFL/SAT synaglaryna/ akademiki okuw we ýazuwa ýokary derejedäki taýarlykdan ybarat. Tejribeli maslahatçylar sizi ýokary derejeli kitaplaryň we usullaryň üsti bilen görkezilen ugurlar boýunça gönükdirerler.

“Prep4Success” maksatnamasy – Höwesli gatnaşyjylar üçin bildiriş

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok