Gurjak teatrynda Tom we Jerri spektakly

Gyşky dynç alyşda çagalary begendirýän Täze ýyl dabaralary dowam edýär. Şeýle dabaralaryň biri Türkmen Döwlet gurjak teatrynda geçirildi.

Altyn Asyr onlaýn habar saýtynyň habar bermegine görä, bu dabarada Aýaz baba we Garpamykdan başga-da Disneý annimasion gahrymanlary Tom we Jerriniň multfilminiň esasynda spektakl oýun goýuldy. Spektakly Türkmenistanyň at gazanan artisti Amangül Mämmetýazowa sahna taýýarlady.

Sahna oýnunda Akmyrat Allagurbanow (at gazanan artist), Begmyrat Çaryýew, Murat Kakabaýew, Bäşim Şamyradow we Sadap Çaryýewa ýaly meşhur artistler rol aldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok