Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi mälim edýär: ýurdumyzda rotawirus we pnewmokokk ýokançlaryna hem-de wirusly gepatitiň A görnüşine garşy waksinalar bilen öňüni alyş çäresi geçirilip başlandy
Saglygy goraýyş ulgamynyň döräli bäri waksinalaryň elýeterliligi uly üstünlikleriň biridir.
Häzirki wagtda hödürlenilýän öňüni alyş sanjymlarynyň sany artdy, sebäbi çagalary agyr kesellerden howpsuz goramak mümkinçiligi öňkülere garanda has köpeldi.
Şu ýylda ýurdumyzyň öňüni alyş sanjymlarynyň tertibine üç sany täze waksina girizildi — rotawirus we pnewmokokk ýokançlaryna hem-de wirusly gepatitiň A görnüşine garşy waksinalar.
Saglygy goraýyş ulgamynyň wajyp syýasaty bolan ýokanç keselleriň öňüni almaklyk döwlet derejesinde ilkinji orny eýelemek bilen, hökümet tarapyndan bu işlere gönükdirilen maliýe serişdeleri ýyl-ýyldan artyp, geçen ýyllara garanyňda häzirki wagtda maliýe serişdeleriniň möçberi birnäçe esse köpeldildi we onuň durnuklylygy üpjün edilýär.
Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) üpjünçilik bölümi arkaly Döwlet býujetiniň serişdelerine satyn alnan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň güwänamasyna mynasyp bolan ýokary hilli rotawirus, pnewmokokk ýokançlaryna we wirusly gepatitiň A görnüşine garşy waksinalar ýurdumyza getirildi we ýurt boýunça saglyk öýlerinde ýokarda görkezilen ýokançlara garşy immuno öňüni alyş işleri mugt geçirilip başlandy.
Pnewmokokk waksinasy bir ýaşa çenli çagalara 2 aýlykda, 4 aýlykda we 12-15 aýlykda geçirilýär. Rotawirus waksinasy bir ýaşa çenli çagalaryň agyz boşlugyna üç tapgyrda — 2 aýlykda, 3 aýlykda we 4 aýlykda berilýär. Wirusly gepatitiň A görnüşine garşy sanjym 18 aýlyk çagalara edilýär. Çagalara ady agzalan ýokançlara garşy immuno öňüni alyş çäresini geçirmek üçin ýaşaýan ýeriňiz boýunça ýerli saglyk öýlerine, maşgala lukmanlaryna ýüz tutup bilersiňiz.
Rotawirus bedeniň temperaturasynyň ýokarlanmagyna getirýär we täze doglan bäbekleriň we kiçi ýaşly çagalaryň arasynda dünýä boýunça güýçli içgeçmäniň esasy sebäbi bolup durýar. Täze doglan bäbekleriň we kiçi ýaşly çagalaryň rotawirus ýokanjy bilen agyr kesellemek howpuna duçar bolmaklary mümkin. Rotawirus ýokanjynyň döredijisi ýokançlanan agyz suwy ýa-da iýmit ulanylanda, şeýle hem ýokançlanan gap-gaçlar, oýunjaklar, durmuşda ulanylýan zatlar bilen galtaşylanda hapa elleri arkaly adama ýokuşýar. Keseliň alamatlary: bedeniň temperaturasynyň yokarlanmagy we gaýtarmaklyk, soňra içgeçme. Bu alamatlar çaga bedeniniň köp mukdarda suwunyň ýitirilmeginiň sebäbi bolup, çaganyň endamynyň suwsuzlyk ýagdaýynyň döremegine we agyr gaýra üzülmelerine getirýär.
Pnewmokokk ýokanjy üsgürilende we asgyrylanda ýokuşyp bilýär. Bu kiçi ýaşly çagalarda bakterial meningidiň (kelle beýnisiniň we oňurga ýiliginiň gabygynyň sowuklamasynyň) esasy sebäbi. Mundan başga-da, ol ganyň howply ýokançlaryny, orta gulagyň sowuklamasyny we öýken sowuklamasyny (pnewmoniýany) döredip bilýär. Wirusly gepatitiň A görnüşi bagry zeperleýär.
Wirusly gepatitiň A görnüşi öý şertlerinde we çagalar edaralarynda bir adamdan beýleki adama galtaşyk üsti bilen zeperlenen zatlar arkaly we şahsy gigiýenanyň düzgünleriniň bozulan ýagdaýynda ýeňillik bilen ýokuşýar. Ýokuşmaklyk howpy iýmit önümleriniň üsti arkaly hem bolýar. Elleri ýuwmak keseliň ýaýramak howpunyň öňüni alyp bilýär.
Hatda ýerli ilat arasynda ady agzalan keselleriň häzirki wagtda bolmazlygy bu kesel döredijileriň ýokdugyny aňlatmaýar. Eger-de, ilatyň immuniteti (goragy) bolmasa, onda keselleriň gaýtadan döremegi mümkin.
Maslahat berilýän öňüni alyş sanjymlarynyň tertibini berjaý etmek siziň bäbegiňizi howply kesellerden gorar.
Çagalaryň ömrüniň ilkinji 2 ýylynyň dowamynda alan öňüni alyş sanjymlarynyň immun ulgamyna agram salman, eýsem, bakteriýalar/wiruslar bilen gündelik galtaşykda bolan ýagdaýynda olary üstünlikli ýeňip geçýändigini köp sanly geçirilen ylmy barlaglar görkezýär.
Immunizasiýa ilatyň saglygyny üpjün etmekde häzirki döwürde bar bolan has howpsuz we netijeli çäreleriň biri bolup durýar. Saglygyň berkligi her maşgalanyň sagdyn we uzak ömürli ýaşamagynyň esasydyr.
TSG we DSM-iň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy
Çeşme: Aşgabat gazeti, 07.01.2020
Teswirler