Mollagara palçygy onlaýn satuwlarda

ABŞ-niň “Alde Vaal Group” kompaniýasynyň buýurmasynyň esasynda Mollagara wulkan palçygyndan ýasalan örtügler www.mollagara.us platformasynyň üsti bilen dünýä bazaryna hödürlendip başlandy.

“Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň habar bermegine görä, mollagara we wulkan palçyklarynyň 20 görnüşi ABŞ-niň, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gazagystanyň we Päkistanyň bazarlaryna girmek üçin tanyşdyryş we mahabatlandyryş işleri alnyp barylýar.

2014-nji ýylyň oktýabr aýynda önümçilige başlan “Türkmendermansenagat” birleşigi bejeriş palçyklarynyň we deňiz duzunyň ýylda 400 müň gap önüm öndürmäge ukyply. Kärhananyň hiçhili himiki garyndy garylmaýan, 100% tebigy bu önümleriň önümçiligini iki esse ýokarlandyrmaga mümkinçiligi bar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok