«Döwletliler köşgünde» terbiýelenýän çagalar üçin ýörite konsert geçirildi

TDH-nyň habar bermegine görä Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynda «Döwletliler köşgünde» terbiýelenýän çagalar üçin ýörite konsert geçirildi.

Meşhur aýdymçy we sazandalaryň çykyş etmeginde geçirilen dabarada çagalara hökümetiň adyndan baýramçylyk sowgatlary paýlandy.

Şeýle-de konserte pudak edaralarynyň, ministrlikleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekiller gatnaşdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok