Şu gün paýtagtymyzdaky Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň orta mekdepleriniň mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsüminiň açylmagyna bagyşlanan dabaraly çäre boldy. Dabara tamamlanandan soňra ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň mekdep okuwçylary Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerine ugradylar. Şu ýyl 7 müňden gowrak okuwçyny kabul etjek Gökderedäki sagaldyş merkezleriniň 14-sinden başga-da, ýurdumyzyň welaýatlarynda hereket edýän sagaldyş merkezleriniň 5-si körpeleriň 1500-sini kabul eder.
Her ýylda geçirilýän dabaraly çäre çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşdyrylýar. Şu ýyl hem köşgüň öňündäki meýdançada dürli şarlar hem-de yşyklandyryjylar bilen bezelen arça ertekilerdäkä meňzeş keşbi emele getirdi.
Çagalar Aýazbaba we Garpamyk hem-de körpeleriň söýgüli ertekileriniň gahrymanlary arçanyň daşynda aýdym aýtdylar hem-de tans etdiler. “Şatlyk” we “Gyzyl güljagaz” tans toparlary hem-de ýaş estradaçylar joşgunly aýdym-sazly çykyşlary bilen Çagalar we ýetginjekler köşgünde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Şeýle şatlykly we dabaraly ýagdaýda mekdep okuwçylary gyşky dynç alyş möwsümini geçirmek maksady bilen döwrebap derejede bezelen awtobuslara mündüler.
Türkmenistanyň ajaýyp künjekleriniň biri bolan Gökdere jülgesi dynç alyş üçin amatly ýerleriň biri hasaplanylýar. Köpetdagyň saýaly baglar bilen bürenen jülgeleri säher dumany bilen ertekilerdäkä çalymdaş görnüşleri döredýär. Tomus paslynda bu ýerdäki köp sanly çeşme-çaýlar guşlaryň saýraýan sesleri bilen utgaşýar. Gyş paslynda bolsa bu jülge şadyýan çagalaryň gelmegine garaşýan mysaly ümsümlige beslenýär.
Gyşky dynç alyş möwsüminde çagalar üçin bu ýerde gyzykly çäreler guralar. Olar ajaýyp künjekde gezelençde bolarlar we muzeýlere, paýtagtymyzyň ajaýyp künjeklerine syýahat ederler.
Mundan başga-da, mekdep okuwçylary çagalar merkezlerindäki sport toplumlarynda bedenterbiýe çärelerine gatnaşarlar. Merkezlerde hereket edýän gurnaklarda bolsa ukyp-başarnyklaryny görkezerler hem-de, daşary ýurt dillerini öwrenerler we kompýuter sowatlylygyny artdyrarlar.
Gökderäniň konsert meýdançalarynda we zallarynda körpe artistleriň, ýaşajyk ýerine ýetirijileriň hem-de ýurdumyzyň döredijilik we teatr toparlarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda medeni-köpçülikleýin çäreler yzygiderli guralar.
Teswirler