2020-nji ýylyň ilkinji çagasyna şa serpaýy

Aşgabat şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde Annaýewleriň maşgalasynda dünýä inen ilkinji çaga Mekan üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýörite sowgatlar we gutlaglar ugradyldy. Bu barada TDH agentligi habar berýär.

Mekan 2020-nji ýylyň ilkinji minutlarynda dünýä indi. Onuň dogulandaky agramy 3 kilogram 610 gram, boýy bolsa 52 santimetr boldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok