“Siziň üçin, körpeler!” ýörite konsertleri başlady

Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Watan” kinokonsert merkezinde Täze ýyl mynasybetli “Siziň üçin, körpeler!” atly şowhunly konsertiň ilkinjisi geçirildi.

Çagalaryň söýgüli artisti Aşyr däde (Aşyr Gurbanow) bu gezek öz muşdaklary bilen göni didarlaşdy. Umuman dabarany hem Aşyr däde alyp bardy.

Aşyr däde çagalary şatlandyryp, ulylary bolsa oýa batyrdy. “Çagalaryň biziň iň eziz barlygymyzdyr. Olary eziz saklalyň. Olaryň çagalygynda gaýgy alada bolmasyn,” diýip öz sözünde belledi.

Konsertiň dowamynda Aşyr däde ilki bilen gyz çagalary, soňam oglanjyklary sahna çagyryp hemişekisi ýaly goşgy we aýdymlaryny diňledi. Iň köp el çarpma mynasyp bolanlara-da täze ýyl sowgatlary berdi.

Täze ýylyň arzyly myhmanlary Aýazbaba we Garpamyk hem sahna geldiler. Tomaşa edip oturan ähli çagalary sahna çagyryp, bileje aýdym aýdyp tans etdiler.

Aşyr dädäniň çagalar üçin ýumuşlary, ýaryşlary dowam etdi. Aýratyn çykyş Sabo Artykow diýip tanalýan meşhur Togrulbeg Artykowyň at dakylan agtygynyň ýerine ýetiren baýramçylyk aýdymlary boldy.

Şeýle-de Aşyr däde bu konserti tomaşa etmäge gelen iň ýaş tomaşaçyny, ýagny 2 aýlyk Aýşagüli hem-de agtyklary bilen gelen iň ýaşuly enäni hem sowgatlandyrdy.

Aşyr Gurbanow Ýaşlyk teleýaýlymynda “Siziň üçin, körpeler!” gepleşigini 11 ýyl bäri alyp barýar. Bu gepleşige bir wagtlar çykan çagalaryň bir entegi eýýam ulalyp, durmuşa goşuldy.

Konsert dekabryň 26-27-28-ne sagat 16:00-da “Watan” kinokonsert merkezinde geçirilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok