MERKEZI AZIÝANYŇ HEM-DE GDA-nyň IŇ BELENT ARÇASY — AŞGABATDA

Ýakynda paýtagtymyz Aşgabatdaky Baş arça tutuş Merkezi Aziýada dikilen iň belent baýramçylyk arçasy diýip ykrar edilendigi hakynda Täjigistan Respublikasynyň «Sputnik Täjigistan» internet portaly maglumat beripdi. Mälim bolşy ýaly, 15-nji dekabrdan bäri daşynyň mähellesi egsilmeýän arçanyň beýikligi 40 metre barabar. Şol bir wagtyň özünde ol sebitdäki iň bezemen baýramçylyk arçalarynyň hem biridir. Onda sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen emele getirilen «2020» ýazgysy we adaty bolmadyk bezegler dünýä metbugatynda hem öz beýanyny giňden tapýar.

Ýokarda ady agzalan internet neşiriniň bellemegine görä Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherindäki baýramçylyk arçasynyň beýikligi 36 metre barabar bolup ol ikinji orny eýeleýär. Täjigistan Respublikasynyň merkezi Duşenbe şäherinde ýerleşdirilen Täze ýyl arçasy bolsa uzynlygy boýunça 29 metr bolup üçünji orny eýelemegi başarýar. Belläp geçsek bu şäherdäki bezelen arçanyň beýikligi her ýyl 1 metr uzaýar. Munuň sebäbini bolsa ýerli ýaşaýjylar Täjigistanyň Gaaşsyzlyk baýramyna görä arçanyň boýunyň uzaldylýandygyny buýsanç bilen belleýärler. Geljek Täze 2020-nji ýylda Täjigistan Täjigitan Respublikasy özüniň şanly Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyny bellär. Belläp geçsek Gyrgyz Respublikasynyň merkezi bolan Bişkek şäherindäki oturdylan Täze ýyl baýramçylygynyň baş arçasynyň beýikligi 27 metre barabar. Ýerli ýaşaýjylar bu arçany bezemek üçin müňlerçe oýnawaç, üç kilometre barabar  yşyk ulgamy ulandylar. Merkezi Aziýa döwletine girýän ýurtlaryň biri bolan Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Nur-Sultan şäherinde oturdylan Täze ýyl baýramçylygynyň baş arçasynyň uzynlygy 25 merte barabardyr.

Ýokardaky berlen maglumatdan soňra, ýene-de bir hoş habar gelip gowusdy. Ýagny «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada dikilen Aşgabadyň Baş arçasy tutuş GDA döwletleriniň arasynda iň belent Täze ýyl arçasy hökmünde hasaba alyndy.

         «TurStat» seljerme portalynyň berýän habaryna görä, Aşgabatda indi ikinji ýyl GDA-da iň belent Täze ýyl arçasy dikilýär. Onuň beýikligi 40 metre barabar bolup, 2018-nji ýylda bezelen Baş arçadan 2 metr belentdir. Internet portalyň seljermesine laýyklykda, Ýerewanyň (Ermenistan) 37 metrlik Baş arçasy ikinji, Daşkendiň (Özbegistan) beýikligi 36 metre deň bolan baýramçylyk arçasy üçünji orny eýeledi. Şeýle hem «TurStatyň» habarynda Moskwa Kremliniň merkezi meýdançasynda bezelen Russiýanyň Baş arçasynyň sebit ýurtlarynyň paýtagtlarynda dikilen ýeke-täk hakyky arça hökmünde hasaba alnandygy barada aýdylýar. GDA-nyň «janly» arçasynyň beýikligi 27 metre deňdir.

         Mälim bolşy ýaly, «TurStat» syýahatçylyk ugurly seljerme agentlik bolup, ol Russiýada we tutuş GDA ýurtlarynda bolup geçýän sport, syýahatçylyk we gezelenç bilen bagly täzelikleri öwrenýär. 2018-nji ýyldaky GDA ýurtlarynyň iň belent Täze ýyl arçalarynyň sanawy hem «TurStat» tarapyndan düzüldi. Şol sanawda Aşgabadyň, Bakuwyň we Ýerewanyň Baş arçalary öňdäki üçlükden orun alypdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok