Berdimuhamedow çagalar bilen Täze ýyl baýramçylygy geçirdi

Penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Älem” dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýerleşdirilen baş arçanyň başynda çagalar bilen duşuşdy. Olaryň Täze ýyl mynasybetli aýdym sazly taýýarlan çykyşlaryna tomaşa etdi.

Berdimuhamedow baýramçylygyň joşgunyna goşuldy. Çagalar bilen gol tutuşyp arçanyň daşyndan bile aýlandy.

Bu ýere gelen ähli çagalara baýramçylyk sowgatlary paýlandy.

Bu ýerdäki dabara gutarandan soňra bolsa Söwda senagat edarasyna Täze ýyl banketine gatnaşmak üçin bu ýerden ugrady.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok