Awtobusda kart bilen däl-de, krossowka bilen hasaplaşmagyň mümkinçiligi ýola goýuldy.
Adidas kompaniýasy we Berliniň jemgyýetçilik ulag kärhanasy bilen bilelikde çäklendirilen goýberilişli krossowkalaryň toplumyny çykardylar. Ol krossowkalar töleg kartlarynyň wezipesini ýerine ýetirýärler. Bu krossowkalar metro, tramwaý, awtobus we hat-da paromlardan çäksiz peýdalanmaga-da mümkinçilikli.
«EQT-Support 93 / Berlin» atly töleg-krossowkalarynyň mukdary çäklidir. Jemi 500 sany jübüt. Çäklendirilen goýberiliş Berliniň tramwaýynyň we metrosunyň diwar we oturgyç daş bezeglerinde ulanylýan görnüşde ýerine ýetirilendir.
Gyzykly ýeri, krossowkany töleg üçin ulanmak isleýän bolsa, raýat şol krossowkany diňe aýagyna geýilgi bolmalydyr. Eger-de ýanyňda krossowkalary gabynda saklap ulanmakçy bolsaň, töleg amala aşyrylmaýar. Bellemeli ýagdaý, mugt ulaglaryň arasynda S-bahn diýlip atlandyrylýan şäheriçre, şäherara we şäher etek-merkez gatnawly demir ýol ulaglar degişli däldir.
BVG diýlip atlandyrylýan Berliniň jemgyýetçilik ulag kärhanasynyň bellemegine görä kompaniýa şeýtmeklik bilen çäkli goýberilişli aýakgaplary ýygnaýan adamlary begendirmek isländiklerini belleýärler. Adidas Originals kompaniýasynyň esasy müdiri Bill Ýagl bolsa şeýle belleýär: “ Berlin we onuň ýaşaýjylary biziň firmamyza uly täsir ýetirdiler. BVG Berlini gowy görýär we adamlary biri biri bilen birleşdirýär, bu bolsa krossowkalaryň bu çäkli goýberilişini emele getirmek üçin başlangyç nokat boldy.”
Berlinde bu krossowkalar 2018-nji ýylyň 16-njy Ýanwarynda başlapdy. Krossowkalar diňe iki ýerde Adidas Originals we Overkill dükanlarynda satylypdyrlar. Krossowkalaryň bahasy € 180 barabardyr.
Gurbansähedow Bagtyýar
Teswirler
Hakykatdanam Adidas kompaniýanyň hünärmenleri beýle uly islegiň peýda boljagyny bilmedik bolmagy hem mümkin, ýa-da bu wagtal-wagtal geçirilýän PR (reklama) kompaniýa bolup bilýär. Deňeşdirilse EQT Support 93/Berlin krossowkalaryň bahasy makalda aýdylyşy ýaly €180, emma bir ýyllyk töleg biledi €761. Elbetde her kim krossowka alasy geler, çünki puly tygşytladyklary bolýar. 581 ýewro tygşytlajak bolup durkaň Berlinde bolşy ýaly gijesi bilen nobatda-da durarsyň.