ÝURT GARŞY ALSYN!

2019-njy — «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylyny uly üstünlikler bilen jemleýän günlerimizde ýurdumyzyň dürli künjegine Täze ýyl baýramçylygynyň şowhuny artyp ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze binalar we ýaşaýyş jaýlary yzygiderli açylyp, ulanylmaga berilýär. Munuň özi täze — 2020-nji ýyly garşy alýan watandaşlarymyzyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrýar.

Şu gün, paýtagtymyzyň Parahat 7/3 ýaşaýyş toplumynda 3 sany 54, 1 sany 108 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy. Biz hem dabarada bolup täze jaýdan paýly bolan, şeýle-de dabara gatnaşan ildeşlerimiziň birnäçesi bilen gürrüňdeş bolup, olaryň beren buýsançly gürrüňlerini okyjylara ýetirmegi muwapyk bildik.

Melike DÖWLETALYÝEWA,

Aşgabat şäheriniň 18-nji orta mekdebiniň

iňlis dili mugallymy, täze jaýyň eýesi:

— Bu gün ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy ähli watandaşlarymyz bilen birlikde biziň maşgalamyz üçin hem goşa baýrama öwrüldi. Şu gün ildeşlerimiziň onlarçasy bilen birlikde bize-de Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumynda gurlan jaýdan paýly bolmak bagty bize-de nesip etdi. Munuň üçin şatlygymyzyň çägi ýok.

Täze jaýa maşgala baýramy bolan Täze ýylyň öňüsyrasynda göçüp gelmek bizde aýratyn şatlyk döredýär. Bu gün bu ýerde geçirilen dabaralar jaý toýy bilen utgaşdy. Biziň täze jaýymyzda ýaşaýyş üçin zerur bolan döwrebap şertleriň ählisi üpjün edilipdir. Bu bolsa täze mekandaky ýaşaýşymyzyň lezzetini has-da artdyrýar. Özüm on ýyl bäri  paýtagtymyzdaky 18-nji orta mekdebinde iňlis dili mugallymy bolup zähmet çekip gelýärin. Täze jaýa göçüp gelen goňşularymyzyň ählisini täze mekanlary bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Ýurt garşy alsyn, ildeşler!

Meretgeldi Saparow,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa

baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň sazandasy:

— Beýik ösüşlerdir özgerişlikler bilen taryhymyzyň altyn sahypasyna girjek «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň şu taryhy günleri meniň we maşgala agzalarymyň durmuşynda iň bir şatlykly, bagtly günler bolup, ýatda galar.

Şu gün paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň onlarsy bilen garşy alynjak Täze 2020-nji ýylyň öňüsyrasynda bagtyýar günler biziň maşgalamyza hem şatlyk getirdi. Şu gün hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen gurlup ulanylmaga berilýän dokuz gatly ýaşaýyş jaýyndan üç otagly jaýdan paýly bolmak nesip etdi. Täze jaýda ýaşamak üçin ähli mümkinçilikler bar. Aşhananyň we beýleki otaglaryň enjamlaşdyrylyşy amatlylygyň hem-de oňaýlylygyň ýokary talaplaryna laýyk gelýär. Häzirki zaman görnüşinde gurnalan mebeller ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.

Silap HUDAÝBERDIÝEW,

TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşiniň başlygy:

— Ak mermerli paýtagtymyzyň Parahat 7/3 ýaşaýyş jaý toplumynda bina edilen täze jaýlaryň açylyş dabarasyna gatnaşyp, Täze ýyl sowgadyndan paýly ildeşlerimiziň şatlykly nazaryny görüp, juda buýsandym. Bagtyýarlyk döwrümizde maşgala gurup, täze ojaga göçüp barmak, ak niýetlere ulaşyp, rysgal-döwletiňi goşalandyrmak uly nesibäň gowuşmagynyň alamatydyr. Ajaýyp baýramçylygyň ýokary ruhubelentlik bilen toýlanylýan nurana günlerinde il-günümize egsilmez şatlyk eçilýän, her bir ojagyň toýlaryny goşalandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdylýan alkyşlar, ýürek buýsanjyna beslenen hoşallyk sözleri göwün guşuňy ganatlandyrýar. Islendik döwletiň,, hatda her bir adamyň at-abraýy, şan-şöhraty, mertebesi onuň asylly işlerine, sahawatly tutumlaryna görä artýar. Ýagşylyk üçin hiç hili serhediň bolmaýandygyny ata-babalarymyz ündäpdirler. Çünki gowulyk mährine eýlenen, adamlaryň bähbidine gönükdirilen şeýle işler agzybirlikde, abadançylykda ýaşaýan halkymyzyň ýüreginde orun alýar, ýurdumyzyň has gözelleşmegi üçin täze işlere ruhlandyrýar. Belent başly, gözel görkli täze ýaşaýyş jaýyndan maşgalalaryň 270-si täze öýli boldular. Ýakynlaşyp Täze — 2020-nji ýylyň her bir güni uly rowaçlyga beslensin!

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok