Ýaşlara mikrofon uzatdyk

Aşgabat şäherinde ýerleşýär “Berkarar” dynç alyş we söwda merkezinde bu ýere dynç almaga gelen ýaşlardan olaryň Täze ýyl baýramçylygy barada pikirlerini soradyk.

Geçip barýan 2019-njy ýyl barada berilen beýanlaryň arasynda okuwa giren, toý eden, medeni we sport ýaryşlaryna gatnaşanlara duş geldik.

Umuman alanyňda ýaşlar Täze ýyl baýramy mynasybetli sowgat alyş-çalyşy däbini gowy görýän hem bolsa, bu baýramçylygyň esasen hem kiçi çagalar üçin has manylydygyna ynanýan, şol sebäpli hem bu baýramçylygyň özünde üýtgeşik duýgy oýarmaýandygyny inkär etmeýänler hem bar.

2020-nji ýylda talyplyk ýoluna gadam basjak ýaşlar bilen bir hatarda, bäbek garaşýan söhbetdeşimize-de duş geldik.

Täze ýyl sowgadyny umuman alanyňda maşgala bagty bilen deňelýär. Şonda-da bir okuwçy söhbetdeşimiz kakasyndan täze wideo oýunlar sowgadyna garaşýandygyny beýan etdi.

Soragnamamyza bir sany daşary ýurtly okuwçy gatnaşdy. Gynansak-da bize duş gelen zenan raýatlardan biziň soragnamamyza gatnaşmaga razylyk alyp bilmedik. Munyň esasy sebäbi bolsa zenanlaryň uly bölegi baýramçylyk taýýarlyklary üçin söwda başagaýlygy bilen gelendikleri boldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok