Täze ýyl bezegi boýunça bäsleşik geçirilýär

Aşgabat şäheri häkimligi täze 2020-nji ýyly dabaraly garşy almak maksady bilen “Täze ýyl äheňinde bezelen iň gowy seýilgäh we baýramçylyk meýdançasy” bäsleşigi geçirýär.

Bäsleşige Aşgabat şäheriniň çäklerinde ýerleşýän 19 seýilgäh we meýdançada guralan arça we täze ýyl bezeglerine baha berilýär.

Topara döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalaryny wekillerinden düzülen topar eminlik edýär.

Ýeňiji bolanlara berilýän baýraklar:
1-nji ýer – pul sowgady;
2-nji ýer – “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç almak üçin 10 maşgala 10 günlik ýollanma;
3-nji ýer – 1 sany telewizor;

Bäsleşige hödürlenýän seýilgähler we baýramçylyk meýdançalary:

Berkararlyk etraby
1) K. Şamyradow adyndaky medeni dynç alyş seýilgähi,
2) Baýram han seýilgähi
3) Nury Halmämmedow seýilgähi
4) Kemine seýilgähi

Köpetdag etraby
5) Yhlam seýilgähi (Garajaoglan seýilgähi bilen bilelikde)
6) “Aşgabat” medeni dynç alyş seýilgähi we Ak şäherim Aşgabat monumenti
7) Altyn Asy seýilgähi (Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy seýilgähi bilen bilelikde)
8) Garaşsyzlyk seýilgähi
9) Köşk seýilgähi (S. Türkmenbaşy şaýolundan A. Nyýazow şaýoluna çenli)
10) Bitaraplyk binasy
11) Bagtyýarlyk seýilgähi (Konstitusiýa binasy bilen Älemiň aralygy)
12) “100 çüwdürim” seýilgähi

Bagtyýarlyk etraby
13) Arkadag seýilgähi
14) “Güneş” medeni dynç alyş seýilgähi
15) Magtymguly ýadygärligi
16) Delfin seýilgähi
17) Täze zaman ýaşaýyş toplumyndaky seýilgäh

Büzmeýin etraby
18) Büzmeýiniň Medeniýet öýüniň öňündäki seýilgäh
19) Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň günbatar tarapyndaky seýilgäh

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok