Ýyllar sporta beslenýär

Ýurdumyzda ýaşlaryň sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolmagy ugrunda bimöçber aladalar edilýär. Ýaşlaryň okuwlaryndan boş wagtlary sport bilen meşgullanmagy üçin sport desgalary, sagaldyş we dynç alyş merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär.

Sportda öňe saýlanmak aňsat iş däl bu köp zähmeti we aladany özünde jemleýär. Muňa garamazdan sport äleminde Türkmen tugyny belende galdyran sportsmenler az däl olardan: Altymyrat Orazdurdyýew, Gülbadam Babamyradowa, Döwlet Ýagşymyradow we başgalary agzap geçmek bolar.

Ýetip gelýän 2020-nji ýylda Aşgabat şäherinde dünýä derejesindäki Dewisiň Kubogy ugrunda halkara ýaryşyň tapgyry,  Sambo boýunça dünýä çempionaty we Futzal boýunça Aziýanyň çempionaty geçiriler. Mundan başga-da 2021-nji ýylda geçiriljek Dewisiň Kubogy ugrundaky saýlama bäsleşigi, Trek welosporty boýunça dünýä çempionaty Türkmenistan döwletimiziň sport abraýyny mundan beýläkde belende galdyrar.

Atajan Eýýupow

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok