Bu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynda Türkmenistanda ýaşlar syýasatynyň amala aşyrylyşyna we bu ugur boýunça BMG bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýollaryna bagyşlanan «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Oňa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ilat gaznasynyň wekili Ýelena Panowa, Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, beýleki halkara guramalaryň we ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. «Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligiň barşynda Ý.Panowa çykyş edip, Türkmenistanda ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilişi, tassyklanan “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň amala aşyrylyşy hem-de beýleki meseleler baradaky pikirlerini beýan etdi. Ol Türkmenistanyň ilatynyň ýarysyna golaýynyň ýaşlardygyna ünsi çekip, ýurtda ýaşlaryň meseleleriniň çözlüşine, olaryň bilim almaklary, sport bilen meşgullanmaklary, iş bilen üpjünçiligi, saglygy goraýyş ulgamyna elýeterliligi we beýlekiler üçin döredilen mümkinçiliklere ýokary baha berdi.
«Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011–2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, türkmen halkynyň intellektual mümkinçiliginiň netijeli durmuşa ornaşdyrylmagy ylmy işgärleriň, ýaş nesilleriň döredijilik ukyplaryny açyp görkezmäge şertleriň döredilmegi Türkmenistanda ylmyň ösdürilmeginiň esasy ugry bolup durýar diýip, sport we ýaşlar syýasaty ministri D. Gulgeldiýew öz çykyşynda nygtady. Ol sözüniň dowamynda ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen ýene bir möhüm başlangyjyň Ministrler Kabinetinde döredilen ýaşlar syýasaty bölümi bolup durýandygyny aýtdy. Mälim bolşy ýaly, bu bölüm öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde döwlet maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylyşyny hem-de durmuşa geçirilişini utgaşdyrýar. Türkmenistanda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Kanunyň hem uly ähmiýeti bardyr. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň mümkinçiliklerini giňeltmek we durmuşa geçirmek üçin hukuk, durmuş, ykdysady hem-de guramaçylyk şertleri yzygiderli üpjün edilýär. Şeýle bolansoň, Arkadag Prezidentimiz ýaşlaryň hakyky watançylyk ruhunda terbiýelenip, ýokary ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklara, ata-babalarymyzyň wesýetlerine laýyklykda terbiýelenmeginiň möhümdigini nygtaýar.
Söhbetdeşligiň dowamynda BMG-niň Baş sekretarynyň «Ýaşlar 2030» strategiýasyny durmuşa geçirmek we bu babatda hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlary boýunça-da pikir alyşmalar geçirildi we teklipleriň ençemesi öňe sürüldi. Bu meselede Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan öňe sürlen teklipler goldaw tapdy. Onda Türkmenistanda ýaşlar syýasatyny amala aşyrmakda BMG bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlary, ýaşlary goldamakda amala aşyrylmagy möhüm bolup durýan wezipeler, BMG-niň goldawlary esasynda olaryň hünärlerini ýokarlandyrmakda durmuşa geçirilmeli işler we beýlekiler beýan edilýär. «Tegelek stoluň» dowamynda ýaşlar syýasaty meselesinde 2021 — 2025-nji ýyllar üçin täze milli Maksatnamany taýýarlamak babatda 2020-nji ýylda özara hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri dogrusynda hem pikir alşyldy. Netijede gürrüňi edilýän maksatnamany taýýarlamak üçin 2020-nji ýylda tapgyrlaýyn esasda iş alyp barmak, ýaş nesil bilen ýygjam gatnaşyklary saklamak we olaryň meselelerini has içgin öwrenmek üçin bilelikdäki iş toparyny döretmek we onuň wezipeleriniň kartasyny düzmek babatda BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň arasynda bir pikire baryldy.
Teswirler