Türkmen okuwçylary Azerbeýjanda takyk bilimde ezberligini görkezdi

Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda türkmenistanly mekdep okuwçylary 2 bürünç medala we 1 höweslendiriji baýraga eýe boldular.

“Zehinleri taýýarlaýyş laboratoriýasy” (https://www.intlab.istedad.az/) ady bilen mekdep okuwçylarynyň matematika, fizika we himiýa dersleri boýunça bilim başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşige  10 ýurtdan 84 ýetginjek gatnaşdy.

Türkmenistandan Gözel Döwranowa (aýratyn zehinli çagalaryň döwlet mekdep-internatynyň IX synp okuwçysy) we Dawut Muhammetkuliýew (Aşgabat şäheriniň 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň  IX synp okuwçysy) bürünç medalyň eýesi boldy. Aýratyn zehinli çagalaryň döwlet mekdep-internatynyň IX synp okuwçysy Orazmyrat Sähetmyradow bolsa höweslendiriji baýraga eýe boldy.

Bilim olimpiadasynyň şerti 4 sagat wagtyň dowamynda matematika dersi boýunça 4, fizika we himiýa dersleriniň hersinden 3 soraglary çözmekden ybarat boldy.

Gatnaşyjylary bu halkara bäsleşige matematika dersinden Arslan Hojyýew, himiýa dersinden bolsa Nazar Mämmedow taýýarlady. Topar bilen bilen ýolbaşçy hökmünde Jelaletdin Rejepow gatnaşdy. Takyk bilimler boýunça geçirilen bäsleşik Azerbaýjanyň Respublikasynyň Ýaşlar we sport ministrligi hem-de  Bilim ministrligi tarapyndan guraldy. Öňküsi 2017-nji ýylda geçirilipdi. Şol ýyl Baýgeldi Çolukow – kümüş, Ýazgeldi Mülliýew we Nurmyrat Gadamow – bürünç medal gazanypdylar.

Teswirler

Juma

Berekella, üstünliklerin dowamy gelsin enşalla. Ýeneke ýaryşlarda altyn medallaram almagy nesip etsin. Tüweleme.