Syýahatçylyk üçin esasy möwsüm ýaz we güýz aýlary bolsa-da, gyş paslynda-da myhmanlar az bolmaýar.
Türkmenistana Ýewropanyň, Aziýanyň jahankeşdeleri bilen bir hatarda beýleki yklymlaryň hem syýahatçylary tebigy we medeni aýratynlyklaryny görmäge gelýärler.
Hytaý, Ýaponiýa we Ýewropa ýurtlaryndan syýahat etmäge isleg günsaýyn artýar. Ýaponiýadan Türkmenistana syýahata gelýänleriň sany soňky aýlarda 20% artdy.
Köneürgenç şäheriniň ýadygärliklerini görmäge gelen ýaponiýaly ýaş syýahatçylara duşuşýarys. “Owadan Syýahat” kärhanasynyň potratçylygynda ýurdumyza gelen ýaş zenanlar, gyşyň sowugyna garamazdan uly höwes bilen gadymy ýadygärlikleri gezýärler.
Teswirler