AÝDYMLY DÜNÝÄNIŇ PARLAK ÝYLDYZY

Şu gün — 17-nji dekabrda paýtagtymyzda ýaş aýdymçylaryň arasyndaky «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2019» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ol baýramçylyk çäreleriniň Täze ýylyň öňýanyndaky maksatnamasynyň ajaýyp wakalarynyň birine öwrüldi.

«Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň aýdym-saz studiýasyna jemleýji konserti synlamaga meşhur artistler, kompozitorlar we şahyrlar, medeniýet hem-de sungat işgärleri, köp sanly ýaşlar ýygnandylar.

Ýyldyzlar, onda-da parlak hem owazly ýyldyzlaryň bu ýylky bäsleşigi hem diýseň çekeleşikli hem gyzgalaňly geçdi. Her ýylda Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän bu bäsleşigiň jemleýji tapgyry hem uly ruhubelentlige beslendi. «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna ýylyň dowamynda ildeşlerimizden iň köp sms habarnamalaryny alan ýaş estrada aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy. Olar bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda iki aýdymy, ýagny bir aýdymy sazly, beýlekini bolsa sazsyz ýerine ýetirdiler.  

Eminleriň gelen netijesine, şeýle hem ildeşlerimizden gelen SMS habarnamalarynyň netijesinde bäsleşikde baş baýraga Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Medeni miras» fakultetiniň «Höwesjeň aýdym-saz toparyny guramak we dolandyrmak» hünäriniň 5-nji ýyl talyby Azat Dönmezow ýeňiji hem-de «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2019» diýen adyň eýesi bolmagy başardy.

Bäsleşikde Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň «Nebitgazhyzmat» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor tans toparynyň aýdymçysy Eldar Ahmedow birinji, Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň «Ahal öwüşginleri» folklor tans toparynyň ikinji derejeli aktýory Rahman Hudaýberdiýew ikinji we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Medeni miras» fakultetiniň «Höwesjeň aýdym-saz toparyny guramak we dolandyrmak» hünäriniň 1-nji ýyl talyby Seýitguly Tülegenow üçünji orunlary eýelemegi başardylar.

— Ilki bilen, hormatly Prezidentimizi, ähli türkmen halkymyzy Täze ýyl baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Tutuş ýurdumyzyň, halkymyzyň ykbalynda ýatdan çykmajak ýyllaryň biri bolan 2019-njy ýyl meniň we meniň maşgalam üçin hem iň bir ýatdan çykmajak, täsirli ýyllaryň biri boldy. Bu ýylda maňa hem her ýylda Täze ýyl baýramçylygyň öň ýanynda ýaş estrada aýdymçylaryň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolmak bagty miýesser etdi.  Ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bu bäsleşige bütin ýylyň dowamynda «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynda yzygiderli çykyş edip tomaşaçylaryň we diňleýjileriň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan aýdymçylar gatnaşdylar. Şu pursatda ähli diňleýjilerimize, ýeňiji bolmak bagtyna ýetiren şowly sms-lerini ýollap goldan ildeşlerimize köp sagbolsun aýdýaryn. Watanymyzyň şöhratly ösüşlerine mynasyp goşant goşmak üçin  Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ähli mümkinçilikler bar. Muny biz bagtyýar günlerimiziň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň aýdym-saz äleminiň gülläp ösmegi, bu ugurda öz ukyp başarnygyňy görkezmäge döredip berýän mümkinçiliklerinden hem aýdyň görýäris. Bu bäsleşik diňe bir estrada aýdymçylaryň bäsleşigi bolman, eýsem, türkmen aýdym-saz sungatynyň ägirt halypalarynyň, şu günki ýaş zehinleriniň, geljekki parlak ýyldyzlaryň ählisiniň owazlarynyň bir ýerde jemlenýan her ýylky özboluşly baýramçylygy diýesim gelýär. Milli medeniýetimiziň, mirasymyzyň halypalardan şu güne, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründen bolsa geljege barýan aýdym-saz sungatyny ösdürmekde  beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza ýene bir gezek köp sagbolsun aýdýaryn. Biz hem geljekde döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ählimizi birleşdirýän belent maksada ygrarly, hormatly Prezidentimiziň sargytlaryna wepaly, hoş owazly aýdymçylar bolup, halkymyza hyzmat ederis.  Goý, Täze ýyl hem zähmet üstünliklerine beslenip tamamlanyp barýan şöhratly 2019-njy ýyl ýaly rysgal bereketli, düşümli ýyllaryň biri bolsun! — diýip, «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2019» bäsleşiginiň ýeňijisi Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Medeni miras» fakultetiniň «Höwesjeň aýdym-saz toparyny guramak we dolandyrmak» hünäriniň 5-nji ýyl talyby Azat Dönmezow belläp geçdi.

Biz hem bäsleşikde ýeňiji bolan ýaş estrada aýdymçylary gazanan üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Olara sungat äleminde üstünlikleriň ýaran bolmagy tüýs ýüregimizden arzuw edýäris. Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok