“Watan” habarlar gepleşiginde ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna türkmen halysynyň girizilendigi baradaky maglumat ýetirildi.
2019-nji ýylyň 12-nji dekbarynda Kolumbiýa respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde BMG-nyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komisiýasynyň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň hödürlemegi boýunça “Türkmen milli halyçylyk sungatyny” Ýuneskanyň adamzadyň mäddy däl medeni mirasyň sanawyna girizmek baradaky çözgüt, komitetiň agza ýurtlar tarapyndan bir agyzdan kabul edildi.
2015-nji ýylda “Görogly” şadessany, 2018-nji ýylda bolsa “Küşdepdi” aýdym-saz dessury hem Ýuneskanyň adamzadyň maddy däl medeni mirasyň sanawyna girizildi.
Teswirler