“Täze ýyl” çagalara şatlyk paýlaýar

Iň şowhunly we reňkli şanly sene bolan “Täze ýyl” baýramçylygyna depginli ýagdaýda taýýarlyklar dowam edýär. Aşgabat şäheriniň ähli ýerlerinde arçalar dikildi, bezeg işleri geçirildi.

Türkmenistanda “Täze ýyl”  maşgala baýramy hasap edilýär. Iň uly şatlyk we joşgun çagalaryň paýyna düşýär. Şol sebäpli bu baýramçylykda ilkijni nobatda çagalaryň gyzykly we peýdaly dynç almaklary esasy maksat bolmaly.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary üçin iň uly konsertdir dabaralar 31-nji dekabr güni geçiriler. Sagat 18:00-da Türkmenistanyň Döwlet sirkinde we “Ylham” seýilgähinde halka açyk konsertler guralýar. “Älem” dynç alyş merkeziniň öňündäki Baş arçanyň başynda geçirilýän “Täze ýyl” konserti bolsa sagat 21:00-da başlaýar.

Baýramçylyk meýdançasynda “20”, “55”, “56”, “57”, “60”, “68” belgili awtobuslar bilen baryp bolýar. (Bu barada öň ýazylan maglumat).

Baýramçylyk dabarasy tamamlanandan soň bolsa şäheriň ähli nokatlaryna köpçülikleýin awtoulag serişdeleri ýörite gatnaw boýunça raýatlara ulag hyzmatyny berer.

Mundan başga-da şäheriň teatrlarynda ýörite baýramçylyk konsertleri geçiriler. Aýaz baba we Garpamyk keşplerini hem dabarada görmäge mümkinçilik bolar.

Aşyr Däde bilen duşuşmak isleýän körpeler üçin da «Watan» kinokonsert merkezi dekabryň  26,27,28,29-na sagat 16:00-da «Siziň üçin körpeler» atly şowhunly dabara geçirilýär. Petekleri  (+99312)921865 telefon belgisi arkaly sargap bolýar.

2020-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda sagat 16:30-da bolsa “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde “Biz we çagalar” atly şowhunly dabara çäre geçirilýär. Petekleri sargamak üçin (+99312) 492658 telefon belgisi bilen habarlaşyp bolar.

Täze ýylyň şatlygynyň iň körpelerimiz bilen paýlaşalyň!

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok