DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERI BELLI BOLDY

16-njy dekabrda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Demokratik partiýasynyň bilelikde guramagynda Medeniýet ministrliginiň çeperçilik hünär ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mugallymlarynyň, çagalar çeperçilik mekdepleriniň, çagalar sungat mekdepleriniň Çeperçilik bölümleriniň hünär mugallymlaryny arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän plakat işlerini döretmek döretmek boýunça «Ahlak gözelligi — rowaçlygyň gönezligi» atly yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

 Her bir güni zähmet üstünliklerine beslenýän 2019-njy ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şeýle-de tassyklan «Türkmenistanda 2018 — 2024-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnamasyny amala aşyrmak babatda ýerine ýetirilmeli çäreleri» durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçirilen bäsleşige gatnaşýan mugallymlardyr talyp ýaşlar zyýanly endikleri ýazgarýan birnäçe sungat işlerini hödürlediler. Sungat işleriniň her birini synlanymyzda, onda awtorlaryň öz işleriniň üsti bilen sagdyn durmuş ýörelgeleri giňden wagyz edilýär. Her dürli pursatlaryň üsti bilen ýazgarylýan ýaramaz hereketlerde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak ündelýär.

Bäsleşigiň eminleriniň gelen netijesinde laýyklykda mugallymlardan Mary welaýatynyň Ýolöten etrap çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Akmyrat Rozyýew birinji orna, Lebap welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Alymjan Işankulyýew ikinji orna, lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Muazzam Amanowa üçünji orna, talyp ýaşlaryň arasynda Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyby Gulnara Kerimowa bilen Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Mahym Hajygurbanowa birinji orna, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyby Suraý Gaýypowa bilen Balkan welaýat sungat mekdebiniň talyby Meretsoltan Saparowa ikinji orna, şeýle hem Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyplary Göwher Çerkezowa bilen Göwher Paltaýewa dagy üçünji orna, Türkmen döwlet çeperçilik mekdebiniň talyby Mahym Atakowa, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Nurşat Hakkyýewa, Daşoguz welaýatynyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyby Altyn Allakulyýewa dagylar bolsa höweslendiriji baýraga mynasyp bolmagy başardylar.

«Ahlak gözelligi — rowaçlygyň gönezligi» atly döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolan mugallymlara hem-de talyplara, şeýle hem bäsleşige işjeň gatnaşyň höweslendiriji baýraga mynasyp bolan talyp ýaşlaryň onlarçasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Demokratik partiýasynyň taýýarlan Diplomlarydyr sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.  

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok