Düýn, 14 dekabrda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli günüň birinji ýarymynda Nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda toplumda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda ýetilen belent sepgitlere bagyşlanyp maslahat geçirildi. Onda çykyş edenler ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin bellediler.
Maslahatyň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň hem-de «Nebit-gaz» gazetiniň bilelikde «Arkadag bilen rowaçlanýar nebitgazly Watanym!» atly iň gowy ýazylan makalalaryň, oçerkleriň, fotoreportažlary, goşgulardyr hekaýalaryň bäsleşiginde «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň geologiýa bölüminiň esasy ylmy işgäri, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty Muhammetnur Halylow, «Nebit-gaz» gazetiniň Lebap welaýaty boýunça habarçysy Mämmetgylyç Kütiýew, «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazburawlaýyş» müdirliginiň Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy Baýramsoltan Gurbanowa birinji orna, «Nebit-gaz» gazetiniň Balkan welaýaty boýunça habarçysy Hojaberdi Baýramow, «Türkmengaz» DK-nyň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Naýyp liniýa önümçilik böleginiň gysyjy kompressor stansiýasynyň berjeriji hünärmeni Sahy Öwezow, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Oguljennet Nasyrowa ikinji orna, şol uniwersitetiň Balkan bölüminiň inženeri Ödenýaz Şiriýew, Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň pultdolandyryş operatory Myrat Eýeberdiýew, «Türkmennebit» DK-nyň Goturdepe tilsimat ulaglary müdirliginiň zähmet goramak we iş haky bölüminiň başlygy Hurmagül Haljanowa üçünji orna mynasyp boldy. Mundan başga-da «Rowaçlyga beslenip gülläp ösýär Watanym!» ady bilen yglan edilen bäsleşigiň hem jemi jemlendi. Onda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy Hakberdi Turmaýew, «Nebit-gaz» gazetiniň Mary welaýaty boýunça habarçysy Sapardurdy Ýaýlyýew, gazetiň Daşoguz welaýaty boýunça habarçysy Dädebaý Nartyýew birinji, «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň başlygynyň orunbasary Aşgabat şäher halk maslahatynyň agzasy Rahym Esenow, «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Orazgylyç Amanow, «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň önümçilik geologiýasy bölüminiň gatlak fizikasy labaratoriýasynyň müdiri Baýram Gullyýew ikinji orna, «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň önümçilik tehniki bölüminiň esasy inženeri Laçyn Bäşimowa, «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň körpeje buraw işleri müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň komitetiniň başlyy Sapardurdy Hakyýew, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy Mergen Amanow üçinji orna mynasyp bolmagy başardylar. Bäsleşikde ýeňiji bolanlarda, şeýle-de toplumyň düzüminde göreldeli zähmet çekýän işgärleri ýadygärlik sowgatlar hem-de Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Şol günüň ikinji ýarymynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Nebitgazhyzmat» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Medeni-işewürlik merkezinde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde baýramçylyk konserdi geçirildi.
Teswirler