Döwletjan Ýagşymyradow ACA çempionluk titulyny gorady

ACA çempionatynda ýarym dereje agramlylaryň arasynda türkmenistanly Döwletjan Ýagşymyradow çempionlyk titulyny gorady. Bu duşuşyk Sankt Peterburgda geçen ACA 103 turniriň esasy wakasy boldy.

Türkmen türgeniniň garşydaşy Russiýa Federasiýasynda Alekseý Burotin boldy. Ol deslapky iki duşuşykda garşydaşlaryny nokaut bilen ýeňdi.

Iki türgeniň hem parlak nokaut ýeňişleri bardy. Köp analistler duşuşygyň çalt tamamlanjakdygyna garaşýardy. Emma bu beýle bolmady.

Birinji round ýiti syn bilen geçdi. Her türgen anyk urgy üçin pusat gözledi. Şeýle-de mümkinçiligi sypdyrmak ýeňlişe barabardy. Burotin söweş meýdançasynyň ortasyna ýerleşdi we birnäçe geze Döwletjany uzakdan urgylar bilen barlamaga synanaşdy. Emma türkmen türgen ussatlyk bilen aýagyny ulanyp jogap berdi.

Duşuşygyň bkinji bäş minutlygy hem şol manerde başlady. Emma raudynyň ýarymyna bir minut wagt galan pursatynda Ýagşymuradow russiýaly garşydaşynyň topulmak üçin synanşan pursatynda tutup, dyzy bilen garşydaşynyň kellesine urgy bermegi başardy.

Onuň alasarmyklygyndan peýdalanyp Burotini ýere ýygmagy başardy, arkadan gulplap gysga urgylar ýerine ýetirdi. Käbir urgylar boş geçse-de raundyň ýeňşi türkmen türgeniniň hasabyna ýazyldy.

Üçünji raund hem ikinjä meňzeş geçdi. Ýekeje tapawut raundyň hut ilkinji pursatlarynda Döwletjan garşydaşyny ýere ýygmagy başardy. Burotin bu ýagdaýda halas boljak boldy, emma Ýagşymyradow ony ýene gysymlap ussatlyk bilen ýere ýygdy.

Duşuşygyň aýgytly pursatlary soňky raundlarda boldy. Bu agramdaky türgenleriň köplenç bu wagta ýetende ýalňyşmak ähtimaly köpelýär. Russiýaly türgen utuklar boýunça yza galýanyna göz ýetirip, ýeňişi diňe nokaut bilen gazanjakdygyna göz ýetirdi, we hüjüm etdi. Türkmen türgen bolsa goranmaly boldy. Ýöne oňa garşydaşynyň haý-kik synanşygyndaky ýalňyşyndan peýdalanmak başartdy. Ýene garşydaşyny düşekçä ýatyrdy. Ýöne bu gezek uzak dowam etmedi. Söweş dik aýakda geçdi. Türgenler garşylykly urgylary ýerine ýetirdiler. Randyň ahyrynda bolsa Ýagşymuradow ýene bir gezek garşydaşyny gysymlap ýere ýygmagy başartdy.

Bäşinji raundda bolsa Ýagşymyradowyň esasy maksady Butorinden gelip biljek nokaut urgylardan we söweş tehnikalaryny ýerine ýetirmegine ýol bermezlik boldy. We bu hem başartdy.

Bäş eminlerden gelen çözgütde Burotiniň hasabyna diňe bir roundyň ýeňşini berildi. Umumy hasapda 4:1 netije bilen Ýagşymyradowyň üstünligi bilen tamamlandy. Döwletjan ACA çempionlyk titulyny gorady, çempionlyk kemeriň eýesi bolmaga dowam edýär.

Dmitriý Winokurow

Teswirler

Mergen

Tüweleme, diňe öňe, üstünlikleriň dowamy gelsin enşalla!