GOŇŞY ÝURT BILEN TANYŞLYK

Düýn — 13-nji dekabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Gazagystan Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň guramagynda brifing geçirildi. Gazagystan bilen tanyşlyk çäresine ýurdumyzda hereket edýän diplomatik gulluklaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ilki bilen Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýerkebulan Sapiýew çykyş edip, halkarymyzyň arasyndaky alnyp barylýan dostlukly hyzmatdaşlyk dogrusynda, şeýle hem şu günlerde işjeň ösdürilýän türkmen-gazak köpugurly gatnaşyklaryň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin çykyş etdi.

Mälim bolşy ýaly, ýurtlarymyzyň arasyndaky halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygy olaryň oňyn hyzmatdaşlyk etmegi üçin möhüm binýat bolup hyzmat edýär. Türkmenistan bilen Gazagystan parahatçylygy hem-de durnuklylygy saklamak we goldamak, halkara terrorçylyga, ekstremizme garşy göreşmek, ýaragsyzlanmak, Owganystandaky ýagdaýlary kadalaşdyrmak ýaly ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça meňzeş garaýyşlara eýedirler. Biziň ýurtlarymyz iri halkara guramalaryň we sebit düzümleriniň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlyk edýärler.

Türkmenistan bilen  Gazagystan giň ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda, energetika we ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli gatnaşyklary ýola goýdular. Iri taslamalaryň bilelikde amala aşyrylmagy bolsa, işewür gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda türkmen tebigy gazyny Hytaýa akdyrýan halkara gaz geçirijini, «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesiniň «altyn halkasy» bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoluny, sebit we halkara derejeli üstaşyr ulag düzümlerini şol taslamalaryň hatarynda görkezmek bolar. Şu hili hyzmatdaşlyk diňe ykdysady bähbitlerden ugur alman, eýsem, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem oňyn täsirini ýetirýär.

Ilçi çykyşynyň dowamynda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly diýlip yglan edilen şu ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň paýtagtymyzda bolan duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler barada hem durup geçdi. Mälim bolşy ýaly, şol duşuşykda iki döwletiň döwlet Baştutanlary halkara syýasatyň meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň barşynda tutuş dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ählumumy derejedäki ekologiýa meselelerini çözmegiň çäklerinde tagallalary birleşdirmek işinde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň wajypdygyny nygtadylar.

Biziň halkarymyzyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň has-da dabaralanýandygyny biz şu ýylyň 19 — 23-nji noýabrynda paýtagtymyzda geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalyň mysalynda hem aýdyp bileris. Şol festiwalyň dowamynda dünýäniň on iki ýurdundan gelen teatr, sungat ussatlary bilen birlikde Gazagystan Respublikasynyň Žastar teatrynyň artistleriniň bardygyny hem bellemelidiris. Olar festiwalyň dowamynda «Žibek» atly söýgi oýnuny görkezdiler. Festiwalyň geçýän günleri gazagystanly myhmanlar bilen gürrüňdeş bolanymyzda, olar dostlukly halkarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylýandygyny buýsanç bilen bellediler.

Hawa, brifingiň dowamynda edilen çykyşlaryň ählisinde bitaraplyk syýasatyny dabaralandyrmak ugrunda beýik işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasy bilen hem ýola goýan hyzmatdaşlygynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok