Daşoguz welaýatyna gezelenç edýän syýahatçylara nähili hyzmatlar garaşýar?

Türkmenistan öz taryhy ýadygärlikleri, tebigaty hem-de entografiki aýratynlyklary bilen jahankeşdeleriň, zyýaratçylaryň we syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Edil şeýle-de Daşoguz welaýatynda ýerleşýän ýadygärlikleri görmek üçin dünýäniň ähli künjeklerinde müňlerçe jahankeşde syýahata gelýär.

Horezm döwletiniň paýtagty bolup hyzmat beren Köneürgenç şäherinde häzirki wagtda-da XI-XII asyrlara degişli ýadygärleri, olaryň arhitektura aýratynlyklaryny görmek mümkin.

Gutluk Timuryň minarasy, Törebeg hanym, Soltan Tekeş, Soltan Ilarslan, Ibn Hajib, Nejmetdin Kubra, Soltan Ali, Danýar Wali mowzoleýleri, Daş Metjid muzeýi häzirki wagtda zyýaratçylaryň baryp görüp biljek käbir taryhy ymaratlarynyň hatarynda.

Bu ýere gelen ýerli ýa-da daşary ýurtly raýatlaryň göwnejaý dynç almaklaryny we gezmeklerini üpjün etmek üçin TSTB-nyň agzalary bolan syýahatçylyk kärhanalary hyzmat berýär.

Şeýle kärhanalaryň biri “Daşoguz syýahat” hojalyk jemgyýeti. Bu kärhana Daşoguz welaýatyna gelen myhmanlaryň ulag, otel we iýmit hyzmatlaryny doly üpjün edip, syýahatçylaryň bu ýerden göwnejaý dolanmaklary üçin ähli şertleri döredýär.

“Daşoguz syýahat” hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni Atabaý Kazakow, kärhananyň berýän hyzmatlary barada gürrüň berdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok