Ýakynda, 5-8 dekabyrda, Horwatiýa Respublikasynyň Dubrawa şäherinde arbaletdan we ýaý atyjylyk sporty boýunça aýlaw görnüşli jemleýji Dünýä kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Dünýäniň ondan gowrak ýurdundan ýüze golaý türgeniň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşa biziň ildeşlerimiz hem gatnaşyp üstünlikli çykyş etmegi başardylar.
Bilşimiz ýaly ýurdumyzda iň bir ýaş sport görnüşleriniň biri bolan ýaý atyjylyk sporty hem barha ösýän sport görnüşleriniň biridir. 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy döredildi. Şol federasiýa döredilen gününden bäri onuň agzalarynyň sany barha artýar. Häzirki güne çenli ýaý atyjylyk sportundan şeýle hem arbaletdan türgenlerimiziň gazanan üstünlikleri öwgä mynasypdy.
Şu ýylyň dowamynda geçirilen halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen ýaryş birnäçe gün dowam etdi. Oňa gatnaşýan türgenler üçin ýörite gezelençler hem guraldy. Onda türgenler Dubrawa şäheriniň gözellikleri, muzeý gymmatlyklary, bu ýerde ýerleşýän sport toplumlary, ol ýerde türgenler üçin döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar.
Ussat türgenleriň arasynda dowam eden ýaryşda Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 7-nji sport mekdebiniň tälimçisi Wepa Sähedow ikinji orna, şol mekdebiň türgeni Amanmyrat Beşerow bolsa üçünji orna mynasyp bolmagy başardylar.
Türgenlerimiziň gazanan üstünlikleri ýurdumyzda uludan toýlanylan Halkara Bitaraplyk gününe özboluşly sowgat boldy.
Biz hem Dünýä kubogy ugrunda geçirilen ýaryşda ýeňiji bolup, hormat münberine çykmagy başaran türgenlerimizi okyjylarymyzyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýarys.
Teswirler