11-nji dekabrda paýtagtymyzyň Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 2 sany 54 öýli, 1 sany 108 öýli ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanylmaga berildi. «Arkaç gurluşyk» önümçilik birleşiginiň gurluşykçylary tarapyndan bina edilen dokuz gatdan, jemi 216 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynda raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy üçin ähli mümkinçilikleri döredilipdir.
Ir säher bilen Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň aýdymçydyr sazandalarynyň bagtyýarlyk döwrümiziň waspyny edýän ajaýyp aýdym-sazlary bilen badalga alan dabaranyň dowamynda täze jaýlarda maşgala toýlary toýlandy. Bu ýerde türkmen milli göreşi, ýaglyga towusmak ýaly sport görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlar has-da täsirli boldy.
Il sylagly ýaşulularymyzyň, kümüş saçly enelerimiziň ak pata bermeginde, milli ýörelgeler esasynda täze jaýa göçüp baran ildeşlerimiz halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler. Biz hem dabara gatnaşyp täze jaýa mynasyp bolan ildeşlerimiz hem-de ýaşulular bilen gürrüňdeş bolduk.
Gurban AŞYROW,
«Gandym saraýly» hususy kärhanasynyň işçisi, täze jaýyň eýesi:
— Biziň bagtyýar maşgalamyz bar. Bu gün ýurdumyzda bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni ähli watandaşlarymyz bilen birlikde biziň maşgalamyz üçin hem goşa baýrama öwrüldi. Şu gün ildeşlerimziň onlarçasy bilen birlikde Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumynda gurlan jaýdan paýly bolmak bagty bize-de nesip etdi. Munuň üçin şatlygymyzyň çägi ýok. Bu toplum — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň miwesi. Bu gün täze gurlan jaýlaryň ýaşaýjylaryna gujak açan toplum gysga wagtyň içinde paýtagtymyzyň iň bir köp ilatly ýerleriniň birine öwrüldi.
Täze mekana agzybirligiň, parahatçylygyň baýramy bolan Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda göçüp gelmek bizde aýratyn şatlyk döredýär. Bu gün bu ýerde geçirilen dabaralar jaý toýy bilen utgaşdy. Biziň täze jaýymyz 3 otagly. Onda ýaşaýyş üçin zerur bolan döwrebap şertleriň ählisi üpjün edilipdir. Bu bolsa täze mekandaky ýaşaýşymyzyň lezzetini has-da artdyrýar. Maşgalada iki perzendim bar. Olaryň täze jaýa şatlanyşyna şaýat bolmak ata-ene üçin iň ýakymly zatlaryň biri.
Hormatly Prezidentimiziň saýasynda bagtly döwürde ýaşaýarys. Bize şeýle beýik bagty beren hormatly Prezidentimize alkyşymyz çäksiz. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun. Täze jaýa göçüp gelen goňşularymyzyň ählisini täze mekanlary bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Ýurt garşy alsyn, ildeşler!
Gözel ALTYÝEWA,
Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň 102-nji
çagalar bagynyň terbiýeçisi, täze jaýyň eýesi:
— Döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň ýokary derejede üpjün edilýän taryhy eýýamymyzyň röwşen ýolunda ajaýyp menzile öwrülen «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň ak bagta beslenen bu görkana günleri maşgalamyz üçin ýatdan çykmajak şatlykly waka boldy. Paýtagtymyzyň Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumynda gurlan, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň iň kämil derejesi üpjün edilen täze jaýdan 2 otagly öýe göçüp barmak bagty miýesser etdi. Maşgalamyz boluň uludan toýlaýan jaý toýumyzyň Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda giňden Bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni bilen gabat gelmegi buýsanjymyzy goşalandyrdy.
Belent başly jaýlaryň toplumyndan orun alan täze jaýymyzda döredilen mümkinçilikler ilat üçin ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejesiniň üpjün edilýändiginiň güwäsidir. Özüm indi ençeme ýyl bäri Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň 102-nji çagalar bagynda terbiýeçi bolup zähmet çekip gelýärin. Ýanýoldaşym bolsa gurluşykçy bolup zähmet çekýär. Ozallar hyýalymyza-da gelmedik şeýle ajaýyp jaýdan öýli bolmak uly bagt nesibesidir. Halkymyzyň bagtyýar durmuşda, abadançylykda ýaşamagy barada çäksiz alada edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň hemişe ileri bolmagyny arzuw edýäris!
Rejepmyrat ALLABERDIÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan oba hojalyk işgäri,
tehniki ylymlarynyň kandidaty.
— Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda paýtagtymyzyň iň bir gözel künjekleriniň biri bolan Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna badalga berlen gününden bäri bu ýerde halkymyz üçin ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasy açylyp ulanylmaga berildi. Biz milli Liderimiziň saýasynda ýurdumyzda bellenilýän şanly seneler mynasybetli bu ýerdäki açylýan jaýlara ýaşulular bolup ak pata berenimizde bu ýerde watandaşlarymyzyň ýaşamagy üçin döredilen mümkinçilikleri synlanyňda kalbyňda joşgun döreýär. Ine şu gün hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli bu künjekde täze jaýlaryň açylyş dabarasy gatnaşýarys. Dabara başlamazyndan öň ýany ýaşulular bilen bu ýerleriň ozalky durkuny ýatladyk. Öň bu ýerler aňyrsy gözýetime siňip gidýän boş meýdandy. Göz açyp-ýumasy salymyň içinde döwrebap ýaşaýyş toplumy döwrüň döreden gudratydyr. Elbetde, bu toplum hormatly Prezidentimiziň öz halky üçin edýän çäksiz aladalarynyň bir miwesidir. Halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek biziň döwletimiziň esasy wezipeleriniň biri. Biz munuň aňryýany bilen berjaý edilýän — raýatlaryny bagtyýar durmuşyň goýnuna ataran döwürde ýaşaýarys. Şu beýik işleriň başynda duran Gahryman Arkadagymyza aýdylýan alkyşlar egsilmezdir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aklyga beslenen öwüşgini bu ýerde dörän topluma öz nuruny çaýypdyr. Başy asmana diräp duran jaýlar, durmuşymyzyň geljegi bolan bagtyýar çagajyklar üçin niýetlenen oýun meýdançalaryny göreniňde göwnüň ganatlanýar. Bu ýerdäki gurlan binalar paýtagtymyzyň umumy binagärlik keşbi bilen utgaşyp gidýär. Biz täze jaýdan paýly bolan ildeşlerimiziň ählisini tüýs ýürekden gutlaýarys. Toýly mekan bolsun.
Teswirler