ILAT ÜÇIN TÄZE HYZMAT ÝOLA GOÝULDY

11-nji dekabrda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde birleşmäniň «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynda «Müşderilere internet ulgamynyň üsti bilen menzilara bank hyzmatlarynyň işe girizilmegi» mynasybetli maslahat geçirildi. TürkmenistanyŇ Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata ýurdumyzyň altyn gaznasy hasaplanýan telekeçiler, bank ulgamynyň işgärlerleri gatnaşdy.

Maslahatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, bank ulgamynyň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Onda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda telekeçiligi ösdümrek ugrunda alnyp barylýan işler, şeýle hem raýatlarymyz üçin bank ulgamlarynda ýola goýulýan täze hyzmatlar, bu ulgamy sanlaşdyrmak babatynda alnyp barylýan işler dogrusynda bellediler.

— Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy «2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ýokary tehnologiýalary sanly ykdysadyýete, elektron senagatyna geçmek barada, bazar gatnaşyklaryny ösdürmegiň esasy maksatlarynyň biri hökmünde bellenilýär. Bu meselede esasy Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky hormatly Prezdientimiz tarapyndan kesgitlenen bank ulgamyny ösdürmek ugrunda döwlet syýasatynda birnäçe işler alnyp barylýar. Döwletimiziň ykdysadyýetiniň umumy kadaly ösmegine gönükdirilen häzirki zaman jemgyýetçilik ösüşleriniň talaplaryna laýyk gelýän bank hyzmatlaryna bolan islegleri artdyrmak maksady bilen «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan täze hyzmatlar yzygiderli ýola goýulýar.

Internet ulgamynyň üsti bilen nagt däl hasaplaşyklary geçirmekde internet banking hyzmatynyň ýola goýuldy. Häzirki wagtda bankymyzda şeýle hyzmatlary hödürlemek mümkinçiligine eýe bolmagymyz biziň bankymyzyň işgärleri üçin gysga wagtyň dowamynda esasy gazanan üstünlikleriniň biridir. Internet banking ulgamynyň üsti bilen täze bank önümlerini, bank täzeliklerini, öz hasaby barada maglumaty aňsatlyk bilen alyp bolýandygyny bellemek gerek. Müşderiler tarapyndan sms habar beriş hyzmatlaryndan ýa-da elektron poçtanyň üsti bilen öz hasaplarynyň göçürmesini, nagt däl görnüşinde birnäçe tölegleri, bank karzlaryny ýapmak üçin tölegleri amala aşyrmak, bir bank kartyndan beýleki karta pul serişdelerini bökdençsiz geçirmek, şeýle hem şu ulgamyň üsti bilen tölegleri, edýän hyzmatlaryň sanawy bilen tanşyp bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwriu hyzmatlary islendik adam öý öýünde ýa-da iş ýerinde bank şahamçalaryna barmazdan islendik ýerde hem internet ulgamynyň üsti bilen ýerine ýetirip bilýär.  Şu günki bankymyz tarapyndan uly geljegi bolan sanly hyzmatlaryň täze ugurlaryny özleşdirip, ygtybarly sms banking hyzmatlarynyň ornaşdyrylmagy biziň her birimiziň işimizi ýeňilleşdirýändigini belläsim gelýär.

Türkmenistan döwletimizde häzirki wagtda häzirki wagt çenli köpsanly banklar tarapyndan amala aşyrlýan sms banking hyzmatlarynda müşderiler diňe öz hasaplary boýunça hereketleri görmek mümkinçiligini berýär. Bankymyz tarapyndan işläp başlaýan täze hyzmat görnüşini hödürlemek bilen çäklenmän eýsem, ýurdumyzda ilkinji bolup bu hyzmatlaryň düýpgöter giňdelip, müşderilere köpsanly hyzmatlary hödürleýär. Biz bank ulgamynyň işgärleri üçin zähmet çekmäge döredip beren mümkinçiligi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygymyzy bildirýäris — diýip, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Serdar Gurbandurdyýew gürrüň berdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok