Ekologiki çakylyk uly seslenme alýar

Bir aýdan gowrak wagt bäri Aşgabat şäheriniň dürli köpçülikleýin nokatlarynda setkadan ýasalan uly zibil gutylary görmek mümkin.

Bu gutylar Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti tarapyndan plastiki önümleriň gaýtadan işlemegini, olaryň tebigata berýän zyýanynyň öňüni almak üçin işläp düzen proýekti.

Gutylaryň açyk setka görnüşde bolmagy raýatlaryň içini arkaýyn görüp bilmegini sazlaýar. Şeýlelikde muny doldurmak üçin höwesi artýar, plastik gutulary diňe şu ýörite niýetlenen ýerlere çöplemek endigini döreýär. Galyberse-de açyk gutylara organiki ýa-da çygly zibiller zyňylan ýagdaýynda çalt gurap, tebigat bilen aralaşýar, we adaty ýagdaýda ýapyk ýerlerde döreýän ys-kok emele gelmeýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok