Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri türkmen alymlarynyň üns merkezinde

Daşky gurşawy goramak, ekologiýa medeniýeti diňe bir tebigaty dikeltmek däl, eýsem energiýa çeşmelerini gaýtadan ulanmagyny ýola goýmak bilen hem bolýar.

Awgustda Aşgabatda geçen «Gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti» atly halkara duşuşykda bu meselelere giňişleýin garaldy. Şol çärä ýerli pudak edaralarynyň wekillerinden daşary Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA), ÝHHG-niň, BMG-niň, Ösüş maksatnamasynyň we Bütindünýä bankynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Mary şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet Energetika instituty hem bu ugurda ylmy işler alnyp barylýar, bilim alýan talyplara nazary we amaly bilimler berilýär.

Institutyň ylmy işgäri Amirhan Matýakubow, TDEI-niň energetika tehnologiýasynyň soňky gazananlaryny talyplara ýetirmek üçin hereket edýän sanly bilim ulgamy barada gürrüň berdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok