Elektron petekleri kagyza çap etmek hökmanmy?

Sanly ykdysadyýete geçilýän döwürde, ähli hyzmatlaryň elektron hasaba alnyşy ýola goýulýar. Bu bolsa her pudagyň berýän hyzmatynyň hiliniň ýokarlanmagyna özboluşly goşant goşar.

Edil şolar ýaly köpçülikleýin ulag hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin elektron petekleriň satuwy Türkmenistanda-da giň orun eýeläp başlady.

Tehnologiýanyň eşreti bilen bir hatarda köne endiklerden halas bolmak üçin wagt gerek bolýar.

Türkmendemirýollary agentliginiň otly hyzmatlary üçin elektron petekleri, her bir ýolagçynyň hasabatyny sanly ulgamda dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň bilen baglanşykly portalymyzda öň maglumat berlipdi.

Muňa garamazdan raýatlarda dürli soraglar döreýär. Mysal aýdanymyzda:
– Men peteklerimi onlaýn aldym. Printerden kagyza çap etmek hökmänmi?
– Diňe QR kody bilen hasaba alnyp bolýarmy?
– Ýolbelet bizden kagyz petek soran halatynda ýolagçynyň ýüz öwürmäge hukugy barmy?

Bu ulgamy işläp düzen “Asman oky” HJ-nyň kontent ýazyjysy Aşyr Aşyrow giňişleýin düşündirdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok