Buharestde Türkmenistan “gül açýar”

Buharestiň Politehnika uniwersitetinde “Türkmenistan günleri” geçirilýär

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy bilen Buharestiň Politehnika uniwersitetiniň bilelikde guramagynda “Türkmenistan günleri” geçirilýär. Açylyş dabarasy 2019-njy ýylyň 27-nji noýabrynda   geçdi. Çärede Türkmen milli naharlary, milli egin-eşikleri,  milli däp dessurlary bilen baglanşykly sergi guraldy.  

Dabara tomaşa etmäge gelen ýokary derejeli myhmanlara bolsa uly ekranda Türkmenistan barada tanyşdyryş şekilli maglumatlar görkezildi.

Rumyniýanyň iň abyraýly ýokary okuw jaýlarynyň biri bolan Buharestiň Politehnika uniwersiteti 2018-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Oguz Han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy dowam edip gelýär.  Rumyniýada ýokary bilim alýan  200-e golaý türkmen talybynyň 20-ä golaýy bolsa  şu  unwersitetde bilim alýar.

Rumyniýa döwleti Ýewropa bileleşiginiň 2007-nji ýyldan bäri agzasy bolup gelýär.  Iki döwletiň arasyndaky şertnamalaýyn hyzmatdaşlyk esasynda Türkmenistan her ýyl  Rumyniýa baklawr we magistratura derejelerinde okamaga ortaça 25 talyby ugradýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok