Suratkeşiň döredijiliginde zähmetkeş halkyň keşbi

2019-njy ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebeniň mugallymy Berdi Çaryýewiň 50 ýaş toýuna bagyşlanan ýubileý sergisi açyldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde  kemala gelen suratkeşleriň biri-de Berdi Çaryýewdir. Onuň döredijiliginiň agramly bölegini oba durmuşyna bagyşlanan eserleri doldurýar, çünki çagalyk ýyllarynyň obada geçmegi nakgaşyň durmuşyna uly täsir berdi. Özboluşly türkmen obasynyň hysyrdyly dünýäsi, gündeki durmuşy, ojagyň ýyly mähri, oba adamlarynyň sada häsiýeti we zähmetsöýerligi suratkeşiň eserlerinde giňden beýan edilýär.

Nakgaşyň ilkinji oba durmuşyna bagyşlanan eserleri heniz talyplyk ýyllarynda döräp başlaýar. 1987–1994-nji ýyllarda suratkeş Ş. Rustaweli adyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik uçilişesinde (häzirki Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde) okaýan wagtynda oba temasyna bagyşlap birnäçe gözlegleri ýerine ýetirip, diplom işinde “Haraz” atly eseri bilen çykyş edýär. Çeperçilik uçilişäni tamamlandan soňra ol obasynda döredijilik ýoluna başlaýar. “Ýanwar”, “Bagt”, “Agşamara”, “Günortan” ýaly eserlerinde ene topragyna bolan söýgüsi,  mähri açyk duýulýar.

Bereketli saçaklarymyzyň naýbaşy bezegi, nygmaty hasaplanýan mukaddes çöregiň we azyk bolçulygyny döretmek üçin zähmet çekýän gallaçylaryň keşbi ýaş nakgaşyň döredijiliginde mynasyp orna eýedir. “Türkmeniň ak bugdaý” atly eseri rysgal-bereketiň özeni bolan mele-myssyk çöregiň mukaddesligine bagyşlaýan suratkeş tamdyryň we nanyň keramatyny enäniň we täze dünýä inen çaganyň arassalygy bilen baglanyşdyrýar. Yzky meýilnamada bolsa türkmen topragynyň bugdaý meýdanlary altynsow reňkler bilen sazlaşdyrylandyr.

Zähmetkeş babadaýhanlaryň yhlas bilen ak bugdaý hasylyny ýygnaýyşlary nakgaşda uly täsir galdyryp, “Altyn asyryň altyn hasyly” atly eseriniň döremegine esas bolýar. Bu taslamada daýhanyň  maňlaý deri siňen ene topragyň jomartlyk bilen eçilen bugdaý hasylynyň her bir dänesi altyna deňelýär. Kiçijik oglanjygy keşbi “Ata kesbi, ogla halal” diýen nakyly ýadyňa salyp, daýhançylyk işiniň atadan ogla, oguldan agtyga geçip, mundan beýläk hem dowam etjekdigini aňladýar. Türkmen topragyna mahsus açyk, ýyly mele, altynsow reňk öwüşginleri eseri has-da baýlaşdyrýar.

Berdi Çaryýewiň döredijiliginde “Baky ýaňlanjak aýdymlar” atly eseri özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Eserde bagşy Öwezgeldi Tekäýewiň hem-de suratkeşiň erkek dogany Rejepgeldi Çaryýewiň portretleri suratlandyrylypdyr. Öwezgeldi Tekäýew Magtymguly Pyragynyň goşgularyny aýdyma geçirip halka ýaýan bagşy we onuň aýdymlary halkyň aňynda müdimilik ýaşaýar. Suratkeş taslamada Öwezgeldi Tekäýewiň aýdymlaryny uly höwes bilen diňlän hem-de dünýäden öten agasy Rejepgeldi Çaryýewiň keşbini ebedileşdirýär. Eseriň sag tarapyndaky ýaşulylaryň keşbi bolsa bagşynyň “Gün-günden azalyp barýar uruş weteranlary” diýen aýdymynyň ýaňlanýandygyny aňladýar. Nakgaş goňur, gök, ýaşyl reňkleriň üsti bilen bu taslamanyň reňk çözgüdini çözýär. Suratkeş bu eserini döredenden soňra has-da ylham alyp, ýüregi joşup Öwezgeldi Tekäýewe bagyşlap goşgy setirlerini ýazýar:

                                        Aýdym bilen gelip ýagty jahana,

                                        Ýüreklerde orun tutdyň ýeke sen.

                                        Magtymgulyň şygryn ýaýan jahana,

          Teke ogly Öwezgeldi Teke sen!

Berdi Çaryýewiň döredijiliginde wajyp orun tutýan eserleriniň biri-de “Gumdaky çeşmeler” atly taslamasydyr. Ol çeperçilik akademiýada okaýan wagtlary tejribelik döwründe Ahal welaýatynyň Bokurdak obasyna düýe saklaýanlaryň arasynda birnäçe etýudlary ýazypdyr. Bu ýeriň täsiri suratkeşiň 2008-nji ýylda “Gumdaky çeşmeler” atly eseriniň döremegine itergi berýär. Eserde suratkeş gum obasynda ýedi hazynanyň biri, çöl gämileri hasaplanýan düýeleri suratlandyryp, onuň çalyny akyp duran çeşmä deňeýär. Türkmen çölüne mahsus bolan ýyly sarymtyl reňkleriň sazlaşygy bütin taslamany dolduryp, eseriň şahyrana many-mazmunyny açmana ýardam edýär.

Berdi Çaryýew tematiki eserlerden başga-da birnäçe peýzaždyr, natýurmortlaryň awtorydyr. Onuň “Çigildemler”, “Gyzyl natýurmort”, “Çaýly natýurmort”, “Ussahanamda”, “Türkmen saçagy”, “Bägüller” ýaly birnäçe natýurmortlary we “Manyşda ýaz”, “Nohur obasy”, “Köpetdagyň eteginde” ýaly peýzaž eserleri suratkeşiň döredijiligini has-da açyp görkezýär.

Suratkeşiň döredijilik gözlegleri esasynda dörän ajaýyp eserleriniň ählisi türkmen durmuşyny, oba zähmetkeşleriniň iş-aladalaryny, ýurdumyzyň gözel tebigatyny, mes topragyny wasp edýär. Eserlerdäki sadaja şekiller ýumşak, mylaýym, açyk sary, mele, ýaşyl, gök reňkleriň utgaşmagynda açyp görkezilýär. Suratkeş gelejekde-de, türkmen durmuşyny, Watanymyzy wasp edýän eserleri bilen milli nakgaşçylyk sungatynda mynasyp orun tutjakdygyna berk ynanýarys.

Maksat Çerkezow,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
Amaly-haşam sungaty fakultetiniň Sungaty öwreniş kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok