Gandbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty

Ýaşlarda sporta bolan söýgi gün-günden artýar. Muňa mysal edip, Sport we ýaşlar syýasaty Ministrliginiň guramagynda Gandbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda mekdep okuwçylarynyň arasynda sport ýaryşy geçirildi. 21.11.2019-23.11.2019 seneleri aralygynda geçirilen bu ýaryşda Balkan toparynyň oýunçylary özleriniň erjelligi bilen öňe saýlanmagy başardy. Ikinji orna mynasyp bolan Balkan topary hasap boýunça:

1-nji oýunda,  “10-0” Lebap toparyny,
2-nji oýunda, “17-3” Ahal toparyny,
3-nji oýunda,  “10-5” hasap bilen Daşoguz toparlaryny ýeňmegi başardylar.

4-nji oýunda, “5-10” hasap bilen Aşgabat toparyndan ýeňildi. 5-nji oýunda bolsa ýene “16-14” hasap bilen Mary toparyny ýeňmegi bilen öňe saýlanmagy başardy.  Balkan toparyndan hüjümçileri Hanatbaýewa Olýa, Tlewbergenowa Madina, Geldiýewa Jennet, Suhanowa Şirin, Ýazyýewa Aýymjan we derwezeban Şestunina Ewelina ýaly türgenler ýaryşda has-da üstünlikli çykyş etmegi başardylar. Topara Nury Halmanow ýolbaşçylyk edýär.  Ýene bir belläp geçmeli zatlaryň biri-de Balkan toparynda halkara ýaryşlara gatnaşan oýunçylaram bar. Şeýlelikde ýaryş, Aşgabat toparynyň 1-nji, Balkan toparynyň 2-nji, Mary toparynyň 3-nji ýer almagy bilen tamamlandy.

Atajan Eýýupow,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok