Aşgabatlalylar ir säher bilen ak bürenen şäheri bilen ýüzleşdi, ilkinji garlar sepeledi.
Şeýle-de paýtagt bu gyş möwsüminiň ilkinji minus temperaturalaryny gördi. Türkmenistanyň gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň berýän maglumatyna görä howanyň temperaturasy irden sagat 11:00-de – 3 (minus üç) bolsa, sagat 12:00-da bolda eýýam +1 / +2-ä göterildi.
Gar ýagyşyň galyňlygy 0.6 cm boldy. Aşgabatda 08:20-10:30 aralygynda ýagan gar howa akymy bilen Balkan welaýatyndan gelip, demirgazyk-gündogar tarapa geçip barýar. Howanyň plýus bolmagy bilen ýagan gar köp wagt geçmän ereýär.
Magtymguly we Tejen etraplarynda gar ýagmaga dowam edýär.
Teswirler