“Upin we Ipin” – animasiýada üstünligiň nusgasy

“Upin we Ipin” – 2007-nji ýyldan häzirki wagta çenli dowam edip gelýän Malaýziýanyň  animasion teleseriýaly. Bu seriýalda iki ekiz doganlaryň “kampung” – da (malaý dilinde oba diýmek) bolup geçýän durmuş başdan geçirimeleri hakynda gürriň edilýär. Bu seriýalda esasan hem çagalar üçin terbiýeçilik äheň öňe sürülip, Malaýziýada ýaşaýan dürli etniki toparlaryň reňkli durmuş aýratnlyklary görkezilýär. Häzirki wagtda bu seriýal dünýäniň onlarça diline terjime edilip, “Disney Channel Asia” çagalar teleýaýlymynda yzygider görkezilýär.

“Upin we Ipin” ideýasy we konsepti Malaýziýanyň Multimedia uniwersitetiniň uçurumlary tarapyndan işläp düzüldi. Ýeri gelende aýtsak,  Multimedia uniwersitetinde şeýle animasion filmleri döretmek üçin enjamlaşdyrylan studiolar we beýleki şertler bar.

Geçen hepde  Aşgabatda geçirilen halkara  bilim we sport sergisine-de Malaýziýanyň bu abraýly uniwersiteti hem öz sergi nokady bilen gatnaşdy.

Uniwersitetiň Marketing we Aragatnaşyk bölüminiň orunbasary Seritheren Subramaniam sergä gatnaşyjylaryň gyzyklanýan soraglaryna jogap berdi we ýaşlar üçin peýdaly boljak birnäçe maslahatlary berdi. Uniwersitetiň wekili bilen geçirilen gürrüňdeşlikde özüniň Aşgabatda 2-nji sapar bolýandygyny aýdyp, Multimedia uniwersiteti hakynda gysga maglumat berdi.

Multimedia uniwersiteti Malaýziýanyň öňde gelýän hususy uniwersitetleriniň biri. Uniwersitetiň Melaka, Johor, Cyberjaya-da ýerleşýän 3 sany kampusy bar. Uniwersitetiň düzüminde 9 sany fakultet, 8 sany ylmy-barlag insituty hereket edýär. Häzirki wagtda uniwersitetde 18,000  talyp bilim alýar we olardan 1,500 talyby bolsa 70-e golaý daşary döwletden  gelen halkara talyplardyr.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok