“Uniwersitetimizdäki türkmen talyplary örän ýiti zehinli”

Geçen hedpe Aşgabat şäherinde geçirilen “Bilim we sport berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergi we maslahatyna köp sanly daşary ýurt uniwersitetleriň wekilleri gatnaşdylar. Daşary ýurtly sergä gatnaşyjylar serginiň guramaçylyk derejesinden hoşaldyklaryny aýtdylar.

 Sergä gatnaşan “City University” uniweristetiniň wekili hanym Sara O. Lashkariani bilen geçirilen gürrüňdeşlikde özleriniň ýokary okuw jaýlary hem-de onda okaýan türkmen talyplary barada nygtap geçdi.

Şul bilim we sport sergä gatnaşmaga mümkinçilikleri döredip berinlikleri üçin guramaçylara minnetdarlyk bildiren myhman, türkmen halkynyň myhmansöýerligine we türkmen tagamlaryna ýokary baha berdi.

1984-nji ýylyň aprel aýyndan bäri hereket edip gelýän bu uniwersitet häzirki wagta çenli 35 müňe golaý uçurym berdi. Bu uniwersitetde häzirki wagtda 4 müňe golaý talyp bilim alyp, olardan 40%-i 30-a ýakyn döwletlerden gelen halkara talyplardygyny aýtdy.

 Myhman, şol daşary döwletlerden gelen talyplaryň hataryndan birnäçe türkmen talyplaryň bardygyny belläp geçdi. Türkmen talyplarynyň bilim alyş başarnyklarynyň ýokarydygyny, olaryň öz okuwlaryna juda ynamly çemeleşip, beýleki talyplar bilen gowy gatnaşykda bolýandyklaryny aýtdy. Hut şol sebäpden hem Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlary bilen talyp çalyşyk programmalaryna elmydama taýýardyklaryny nygtady.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok