Türkmenistan 2-0 Şri Lanka

FIFA Dünýä Kubogy (Katar 2022) we AFC Aziýa Kubogy (Hytaý 2023) üçin saýlama tapgyrynda Türkmenistan we Şri Lanka arasyndaky nobatdaky duşuşyk türkmen milli ýygyndysynyň 2:0 hasabynda ýeňişi bilen tamamlandy.

Hasaby 44-nji minutda Abdy Bäşimow açdy. Duşuşygyň birinji ýarymy 1:0 hasaby bilen tamamlandy. Ikinji ýarymda 59-njy minutda Güýçmyrat Annagulyýewiň goly bilen Türkmenistan 2:0 hasapda ýene öňe çykdy, we oýun şu hasapda jemlendi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok