Türkmen agyr atletikaçylary Olimpiýa saýlama ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler

Türkiýäniň Gaziantep şäherinde Naim Süleýmanoglunyň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp geçirilen Agyr atletika boýunça halkara ýaryşynda Türkmenistanyň ýygyndysy üstünlikli çykyş etdi. Bu ýaryşda Kristina Şermetowa, Seýitjan Mirzaýew, Gülnabat Kadyrowa, Aýsoltan Toýçyýewa we Hojamuhammet Toýçyýew hormat münberine çykdylar. Bu barada Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Kristina Şermetowa 55 kg. agram derejesinde çykyş edip, silterläp 87 kg. göterip 1-nji orna we altyn medala, itekläp 113 kg. göterip 1-nji orna we altyn medala, umumylykda 190 kg. jemläp 1-nji orna we altyn medala mynasyp boldy.

Lebap welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Dänew şäheriniň 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi Seýitjan Mirzaýew 61 kg. agram derejesinde çykyş edip, silterläp 122 kg. göterip 1-nji orna we altyn medala, itekläp 143 kg. göterip 2-nji orna we kümüş medala, umumylykda 265 kg. jemläp 2-nji orna we kümüş medala eýelik etdi.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Gülnabat Kadyrowa 76 kg agram derejesinde çykyş edip, silterläp 98 kg. göterip 1-nji orun we altyn medal, itekläp 120 kg. göterip 2-nji orun we kümüş medal, umumylykda 218 kg. jemläp 2-nji orun we kümüş medal  gazandy.

Ýaryşyň jemleýji böleginde Mary welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Mary şäheriniň 5-nji sport mekdebiniň agyr atletika boýunça tälimçisi Aýsoltan Toýçyýewa 87 kilograma çenli agramda itip götermekde (116 kg) bürünç medal gazandy.

Mary welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň agyr atletika tälimçisi Hojamuhammet Toýçyýew bolsa +109 kilograma çenli agramda iki görnüşiň jemi boýunça bürünç medal gazandy. Ol silkip götermekde (176 kg) 2-nji orna, itip götermekde (227 kg) hem 3-nji orna düşdi.

Bu wekilçilikli ýaryş 2020-nji ýylyň tomsunda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin saýlama tapgyr bolup oňa 24 döwletden 100-e golaý türgen gatnaşdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok