Döwrüň ösüşi lukmançylyk pudagyna hem öz täsirini ýetirýär

Saglygy goraýyş, keselleriň öňüni alyş, farmasewtika we bulara degişli sowatlylyk jemgyýet üçin möhüm mesele bolup durýar.

Döwrüň ösmegi bilen lukmançylyk pudagy hem kämilleşýär. Täze usullar, enjamlar, tehnologiýalar, ylmy açyşlar pudagyň hyzmatyna hödürlenýär.

Ökde lukman bolup ýetişmek, nazary bilimden başga-da, köpräk amaly tejribe geçmegi talap edýär. Lukmançylyk fakultetleri hem yzgiderli geljekki lukmanlar üçin bu şertleri döreden ýagdaýynda saglygy goraýyş pudagynda oňyn netijeler gazanyp bolar.

Şeýle-de lukmançylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň hem tejribe alyş-çalyşy üçin esasy orun eýeleýär. Dünýäniň dürli ýurtlarynyň kardiologlary, newropotologlary, hirurglary, pediatrlary ýygy-ýygydan halkara simpozýumlarda duşuşyp, ylmyň soňky gazananlary bilen özara paýlaşýarlar.

Geçen hepde Aşgabatda geçirilen halkara bilim we sport sergisine gatnaşan Malaýziýanyň Segi Uniwersiteti we kollejleriniň marketing direktory Lee Jun Hou Malaýziýada saglygy gorayýş ulgamynyň giň gerimli hyzmatlary we garamagyndaky okuw jaýlarynyň beýleki pudaklar bilen bir hatarda Saglyk Bilimleri ugry boýunça ýokary okuw meýilnamasy barada maglumat berdi.

Segi uniwersitetinde Saglyk Bilimleri programmalarynyň çäklerinde hereket edýän fakultetler:
1) Stomatologiýa fakulteti
2) Optometriýa we göz saglygy bilimleri fakulteti
3) Lukmançylyk fakulteti
4) Farmasewtika fakulteti

SEGI toparynyň düzüminde 1 uniwersitet we 5 kollej hyzmat berýär. Kampuslar Malaýziýanyň dürli şäherlerinde ýerleşýär. 48 ýyllyk bu bilim edaralarynda durmuş-sosial ähmiýetli onlarça hünär boýunça bilim berilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok