Döwrüň ösýän täze trendleri hemişe innowasiýalary, täzeçe çemeleşmeleri talap edýär. Belki öňki asyr önümçilikde ýa-da telekeçilikde ýokary hilli önüm öndürijilik kuwwaty ýeterlik bolýan bolsa, häzirki döwürde bu ýeterlik däl.
Gatnaşyk ukyplary, adam resurslary, marketing döwrümizdäki biznes ösüşinde ilkinji edilmeli işleri hatarynda goýulýar, muňa maýa serişdeleri ýatyrylýar.
Kuala Lumpur Infrastruktura Uniwersitetiniň (IUKL) marketing we kommunikasiýa bölüminiň direktory Cheryl Lee, Aşgabatda geçirilen halkara bilim we sport sergisinde öz tejribesini paýlaşdy.
Günümizde islendik proses ýa-da biznes iki başarnyk ýa-da insfrastrukturada ölçelýär: Hard Skills we Soft Skills.
Hard Skills: terjime edilende ykjam, gaty ukyplar manysyny berse-de, bu ýerde diýiljek bolýan many, önümçiligiň ýa-da işiň ýerine ýetirilmegi üçin gerekli tehnologiýa, enjamyň ulanylşy, gurallar, know-how üçin ulanylýar.
Soft Skills: sözme-söz terjime edilende “ýumşak başarnyk” manysynda. Bu bolsa adamlaryň gatnaşyk ukyplary, dilewarlyk, önümi mahabatlandyrmak üçin sosial we psihologiki ýagdaýlaryny göz öňüne tutup, olaryň isleglerini nazara alyp hereket edip bilmek başarnygy.
Hanym Cheryl Lee IUKL-de bu iki başarnygy hem öwrener ýaly talyplara köpugurly mümkinçilikler döredýändigini nygtady. Infrastruktura adynda bellenişi ýaly şäher-durmuş desgalarynyň gurluşygynda, arhitekturasynda, dizaýn işlerinde Hard Skills we Soft Skills ulanyp, jemgyýetiň talaplaryna jogap bermegi başarmagy öwrenmägi doly mümkinçilik bar.
Teswirler