“Akylly” ýöriteleşdirmek konsepsiýasy halkara sergide

Geçen hepde söwda-senagat edarasynda örän ähmiýetli dabaralar toplumy geçirildi. Halkara bilim sergisini we maslahaty. Bu çäreler toplumyna dürli ýurtlardan bilim pudagynyň wekilleri gatnaşdy.

Şeýle-de Oguz han adyndaky Inžnener​ tehnologiýalar uniwersitetiniň Innowasiýalar ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymlary we talyplary hem bu sergä taýýarlykly geldi. “Türkmenistanyň welaýatlaryny we etraplaryny Akylly ýöriteleşdirmegiň​ tehnologiýasy” atly işlenilip düzülen taslama halk köpçülige​ görkezildi. Ilki bilen Akylly ýöriteleşmegiň​ nämedigine, soňra bolsa Türkmenistanyň sebitleriniň şertlerinde nähili ýagdaýda durmuşa geçirilmelidigi​ barada gürrüň edeliň.

Häzirki döwürde ylmy tehniki progressler​ günsaýyn ösüp, giňelip barýar. Bularyň içine biotehnologiýa, nanotehnologiýa​, elektronika, robot tehnologiýalary, emeli aň, ýaly ugurar​ bilen bilelikde ykdysadyýet babatda hem uly ädimler ädilýär. Bulardan biri hem ýaňy ýakynda durmuşa geçirilen “Akylly ýöriteleşdirmek​” konsepsiýasy degişli bolup durýar. Akylly Ýöriteleşdirmek​ konsepsiýasy 2009-njy ýylda Ýewropa ýurtlarynda emele gelýär. Emele gelmeginiň asyl sebäpleriniň biri hem ykdysady taýdan ösmekde​ kynçylyk çekýän sebitleri nähili ýagdaýda ösüşine bat berip bileris diýýän soraga jogap hökmünde öňe çykardylar. Akylly ýöriteleşdirmegiň​ esasy maksady sebitiň bäsdeşlik artykaçlyklaryna​ baglylykda ykdysady nişşalary​ ýüze çykarmak bolup​ durýar. Bu ýagdaý bolsa global derejeden makro, makro derejeden mikro derejä çenli seljerme geçirmekden ybaratdyr. Ýagny sebitiň kiçi birliklerinden seljerme geçirilip başlamaly. Akylly Ýöriteşedirmek​ kosepsiýasy​ dünýäniň birnäçe ösen we ösüp barýan döwletlerinde durmuşa geçirildi we degerli netijeler gazanyldy. Akylly ýöriteleşmek bilen bagly ylmy işleriň netijelerine görä Ýewropa ýurtlarynda we oňa ýanaşyk ösüp barýan döwletlerde ykdysadyýetiň inklýusiw​ ykdysady ösüşe ýetendiklerini​ habar berilýär. ​

Akylly ýöriteleşdirmegiň​ üç we dört halkaly subýektlerden​ ybarat mazmuny bar. Ilki başda diňe üç halkaly ýagdaýda strategiýa düzülenden soňra gözegçiligiň netijesine baglylykda dört halkaly ýagdaýa geçilýär. Üç halkaly bolanda Ýokary okuw mekdepleri, telekeçiler we senagatçylar hem-de hökümet ýada ýerli häkimiýet degişli bolup durýar. Ýokary okuw mekdepleri esasy ýerine ýetirýän wezipesi bilimiň nazaryýet bilen amalyýet taraplaryny birikdirmek we şonuň ähmiýeti bilen içgin gyzyklanmak​. Şeýle hem gyzyklanmalardan​ emele gelen netijelere esaslanyp ýurdyň içinde adam kapitalyny​ ösdürmek bilen bagly işler alyp barmaly. Adam kapitaly​ islendik ugurda start-up​ işini alyp barmaga ukyply bolmaly. Telekeçiler we senagatçylar hem ýurduň içindäki adam kapitalyny​ netijeli ýagdaýda ulanmaly we olaryň öňe çykaran start-up​laryny​ durmuşa geçirilegine​ kömek etmeli. Ýagny win​-win​ (iki taraplaýyn bähbit) pikirine eýermelidirler​. Hökümet ýa-da ýerli häkimiýet hem şeýle bir biri bilen baglanyşykly işleýän ulgamyň netijeli işlemegi üçin kadalaşdyryjy hukuknamalary​ we düzgünleşdiriji​ çäreleri ornaşdyryp durmaly. Dört halkaly ýagdaýda bolsa ýokarda agzalan subýektleriň​ arasyna jemgyýet ýada halk hem girýär. Iň çylşyrymly ýerleriň biri hem şu mesele diýsek ýalňyşmarys​. Sebäbi akylly ýöriteleşdirilmek​ işi alnyp barylýan sebitdäki ýaşaýan adamlaryň pikiri, ýaşaýyş prinsipleri​ uly rol oýnaýar.

Indi bu konsepsiýanyň Türkmenistan durmuşa geçirilmegi babatynda aýtsak, her bir şäherçe, şäher we etrap derejede seljerme işleri geçirilip, her bir sebit üçin aýratyn strategiýalaryň düzülmeli bolup durýar. Bu seljermeler taslamanyň agzalary tarapyndan alty tapgyrda alynyp barylmaly. Seljermeleriň netijesinde esasy ugurlar, ýagny ykdysady nişşalary​ ýüze çykarylýar. Ugurlar esasan sebitiň bäsdeşlik artykmaçlyklaryny güýçlendirip biljek ýagdaýda alnyp barylmaly. Her bir sebit üçin aýratynlykda strategiýa düzülmeginde​ hem düýp many bar. Sebäbi sebitler bir biri bilen meňzeş däl taraplary bar we akylly ýöriteleşdirmegiň​ umumy bir strategiýa bilen dolandyrylmaýandygyny​ ylmy esasda bilmek bolýar. Aýrytynlykda​ her welaýatda bir şäher mysalynda üç pudak boýunça seljeriş işleri geçirilen ýagdaýynda has maksadalaýyk bolar. Üç pudak ykdysadyýetiň düýbüni tutýan pudaklar bolup durýar ýagny: oba hojalygy, senagat we hyzmat pudaklaryndan ybarat bolup durýar. ​

Uniwersitetimiz bu konsepsiýany durmuşa geçirmek üçin halkara bilim edaralary, esasanam Ýaponiýanyň Tsukuba uniwersiteti bilen ýakyn hyzmatdaşlyk alyp barýar.

Röwşen Işangulyýew​
Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Innowasiýalar ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok