Oýuna 26 müň janköýer tomaşa etdi

2019-njy ýylyň 14-nji noýabrynda FIFA Dünýä kubogy (Katar) 2022 we AFC Aziýa Kubogy (Hytaý) 2023 çempionatlarynyň saýlama tapgyrynyň Türkmenistan we Koreýa Demokratik Halk Respublikasynyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyga tomaşa etmek üçin Köpetdag stadionyna gelen tomaşaçylar petek esasynda içeri kabul edildi.

Oýunyň ikinji ýarymynda stadionuň umumyň jarçysynyň eden gysga anonsuna bu oýuna tomaşa etmäge gelen futbolsöýerleriň sany 26 müň adam boldy.

Oýun tamamlanandan soňra bolsa raýatlara ýeňillik döretmek maksady bilen şäher awtobuslarynyň birnäçesi stadionyň ýanyndan ýolagçylary alyp gatnady.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok